Press reliz

Milli hyzmatdaşlar üçin wirtual görnüşde okuw maslahaty: “Migrasiýa barada maglumatlary ýygnamak, derňemek we ýaýratmak üçin HMG-niň göçüş hereketlerini yzarlamak boýunça matrisasy”

20 iýun 2022

  • Migrasiýa barada maglumatlary ýygnamak, derňemek we ýaýratmak üçin HMG-niň göçüş hereketlerini yzarlamak boýunça matrisasy (DTM) milli hyzmatdaşlara Türkmenistanda HMG tarapyndan gurnalan webinarda hödürlendi.

Halkara Migrasiýa Guramasynyň (HMG) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen bilelikde Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk gullugy (SDC) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Owganystan we goňşy döwletler üçin toplumlaýyn hereketleriň meýilnamasy” atly taslamasynyň çäginde milli hyzmatdaşlar üçin “Migrasiýa maglumatlaryny ýygnamak, derňemek we ýaýratmak üçin HMG-niň göçüş hereketlerini yzarlamak boýunça matrisasy (DTM) boýunça onlaýn okuw maslahatyny geçirdiler.

Bu okuw maslahatynyň maksady gatnyşyjylary HMG-niň migrasiýa maglumatlary we ylmy-barlag işleri babatyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem milli hyzmatdaşlar bilen Ýewropa Bileleşiginiň, Merkezi Aziýanyň, Türkiýe döwletiniň, Taýlandyň we Mongoliýanyň - ýurtlaryndan gaýdyp gelen we bir ýurtda eglenip galan migrantlar barada maglumat ýygnamak, olaryň zerurlyklaryna we gowşak taraplaryna baha bermek we seljermek, şeýle hem migrasiýa barada maglumatlary ýaýratmak boýunça tejribeleri bilenpaýlaşmak boldy. Bu iş, merkezi we ýerli derejedäki esasy döwlet edaralarynyň migrasiýa syýasatyny ösdürmek we migrasiýa barada maglumatlary ýygnamak mümkinçiliklerini artdyrar. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň hökümetiniň ministrlikleriniň we edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň, Aşgabat şäheriniň Häkimliginiň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdy.

Awstriýadan gelen DTM taslamasynyň sebit boýunça utgaşdyryjysy hanym Esra Kaýi gatnaşyjylara göçüş hereketlerini yzarlamagyň matrisasynyň nähili döredilendigini, maglumatlary ýygnamagyň amaly ulanylyşyny, göçüş hereketlerini yzarlamagyň matrisasyny ulanmakda beýleki ýurtlaryň tejribesini, şeýle hem hökümetler we migrantlar üçin onuň peýdaly taraplary barada giňişleýin maglumat berdi. Migrasiýa barada maglumatlary dolandyrmak babatyndaky täze düşünje milli hyzmatdaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi we olar bu ulgamy Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan girizilmegini mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmak üçinylalaşyga geldiler.

Duşuşyk HMG-niň Türkmenistandaky wekilhasynyň başlygy jenap Azat Atajanowyň çykyşy bilen başlandy:

"DTM – bu öňdebaryjy ulgamdyr, ol çökgünlik döwründe ilatyň göçüş hereketleri we gowşak taraplary barada köp ugurly maglumatlary yzygiderli ýygnamaga, gaýtadan işlemäge we ýaýratmaga ýardam eder." DTM taslamasynyň sebit boýunça utgaşdyryjysy hanym Esra Kaýi sözüni şeýle dowam etdirdi: “DTM-niň usulyýet binýadynyň esasy maksady göçüş hereketlerine baha bermek üçin DTM tarapyndan ulanylýan dürli komponentler, gurallar we usullar bilen baglanyşykly saýlama prosesi, garaşylýan netijeler we çäklendirmeler barada ýol görkezmekdir."

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz