Press reliz

BMG-niň Aşgabatdaky öýünde ÝUNISEF, hyzmatdaşlar we çagalar Çagalary goramagyň halkara gününi belläp geçdiler

01 iýun 2022

  • Şu gün, 1-nji iýunda BMG-niň Aşgabatdaky öýi Çagalary goramagyň halkara gününi bellemek üçin özüniň gapylaryny giňden açdy. Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde ÝUNISEF bilen Bilim we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hyzmatdaşlygynda geçirilen “Kim meniň gahrymanym?” atly plakatlaryň çeper-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri bolan 7 mekdebi gutlamak we sylaglamak üçin çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresine 100 golaý myhman, şol sanda, çagalar, Hökümetiň wekilleri, diplomatik jemgyýetçilik, BMG-niň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň mekdepleriniň wekilleriniň özleri gatnaşdylar, beýleki welaýatlardan bolan ýeňijiler bolsa, bu çärä  on-laýyn usulynda goşuldylar we olaryň hemmesi ýadygärlik sowgatlary, şol sanda, noutbuklary we ses toplumlaryny aldylar.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar wideorolige tomaşa etdiler we onuň dowamynda ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky topary ähli ýaş toparlaryna degişli çagalardan olaryň iň mukaddes arzuwlary barada interwýu aldylar. Şa gyzynyň köýnegi, lukman bolmak, hemme çagalaryň sagdyn we bagtly bomagy hakyndaky arzuwlar –arzuw etmäge gezek gelende, mümkinçilikler juda çäksiz!

Bu aýratyn waka çagalaryň «Aşgabat» atly aýdymy bilelikde ýerine ýetirmegi bilen dowam etdi we onuň yzysüre Türkmen döwlet konserwatoriýasynyň talyby we DÖM-niň ýaş ilçisi Döwran Şammyýewiň ýerine ýetirmeginde “Imagine”atly aýdym ýaňlandy. Gepiň gerdişine görä, tutuş zal bu çykyşa goşuldy we bu aýdymy oňa goşulyp ýerine ýetirdi.

300 işden ybarat zehinli we dörejilikli çagalaryň guran sergisine aýlanyp görmek çäreleriň esasy boldy.

«Çagalarda iň ýokary döredijilik ruhy möwç urýar we olaryň oýlanmalarynyň çägi ýok. Bu bäsleşik çagalara öz zehinlerini görkezmäge we ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge goşant goşmaga mümkinçilik döretdi. ÝUNISEF ähli gatnaşyjylara we hyzmatdaşlaryna çäräni geçirmäge beren goldawy üçin minnetdarlygyny bildirýär. Bu gün 1-nji iýunlygy üçin, bu çärä has-da aýratyn görünýär, çünki bu gün biz Çagalary goramagyň halkara gününi belleýäris” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýtdy.

Plakatlaryň sergisi hakynda has giňişleýin maglumat almak üçin, web sahypamyza girip görmegiňizi haýyş edýäris: https://www.unicef.org/turkmenistan/stories/gallery

Mahriban Seytliyeva Project Assistant WHO Turkmenistan

Mähriban Mullabaýewa

UNICEF
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz