Press reliz

HMG gowy dolandyrylýan migrasiýa syýasaty bolan ýurtlarda DÖM-niň 10.7.2 görkezijisini ölçemek boýunça milli hyzmatdaşlar üçin amaly okuw geçirdiler

23 iýun 2022

  • Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) – BMG-niň Migrasiýa Guramasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen bilelikde DÖM-niň10.7.2 görkezijisiniň üýtgemegi boýunça milli amaly okuwy geçirdiler: “Migrasiýanyň we adamlaryň göçüşleriniň tertipli, howpsuz, yzygiderli we jogapkärli bolmagyny üpjün etmek üçin migrasiýa syýasatlary bolan ýurtlaryň sanawy”.

Bu amaly maslahat, HMG-niň Ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän "Türkmenistanda ösüş ugrunda milli meýilnamalar üçin migrasiýa barada statistikany ýygnamak, derňemek we ulanmak üçin milli mümkinçilikleri artdyrmak" taslamasynyň çäginde geçirildi.

Amaly maslahatyň maksady - ýurtlary migrasiýanyň we adamlaryň göçüşleriniň tertipli, howpsuz, yzygiderli we jogapkärçilikli bolmagyny üpjün etmäge çagyrýan, şol sanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň migrasiýa bilen baglanyşykly has açyk maksadyny - meýilleşdirilen we gowy dolandyrylýan migrasiýa syýasatlaryny durmuşa geçirmek arkaly 10.7.2 görkezijisini ölçemek we onuň usulyýeti bilen paýlaşmak boldy.

Halkara bilermeni Sergeý Rýazantsew milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde DÖM-niň 10.7.2 görkezijisiniň alty ugurlaryny we proksi ölçeglerini öwrendi, milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde her bir ugury we bäş sany kiçi kategoriýa degişli soraglary ara alyp maslahatlaşdy. Bilermen usulyýeti we hasaplama usulyny düşündirdi we gatnaşyjylar bilen bilelikde kodlaýyş bahalaryny we teklip edilýän görkezijileriň gerimini hasaplady.

Bu çykyşdan soňra milli hyzmatdaşlar gün tertibiniň we HMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Milli gyzyklanýan taraplar milli ileri tutulýan ugurlary gazanmak we halkara borçnamalary ýerine ýetirmek, şol sanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek we GMH hasabatyny taýýarlamak üçin maslahatyň dowamynda öwrenen bilimlerini we başarnyklaryny migrasiýa syýasatlarynda ulanjakdygyny aýtdylar.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz