Press reliz

BMG mundan beýläk-de DÖM-niň Milli maglumat binýadyny işläp düzmek ugrunda Turkmenistanyň Döwlet Statistika Komitetine goldaw berýär

12 iýul 2022

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “DÖM-niň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet Statistika Komiteti üçin Durnukly Ösüş Maksatlarynyň görkezijileri boýunça hasabat bermek üçin Milli platformany işläp düzmek prosesinde ýardam edýär.

Platforma DÖM babatynda maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek we ýaýratmak üçin programma üpjünçiligi hökmünde hyzmat edýär, şeýle hem ulgamyň işleýşini üpjün etmek üçin tehniki enjamlar bilen üpjün etmek işlerini öz içine alýar. Häzirki wagtda platforma, onlaýn görnüşe tapgyrlaýyn geçmek üçin işenilip düzülýär.

Milli platformanyň döredilmegi, Türkmenistanda DÖM-na ýetmek ugrunda gazanylan üstünlikleri gözegçilikde saklamak we ölçemek üçin ulgamy ösdürmek, ýurduň halkara borçnamalaryny berjaý etmäge we DÖM-na ýetmek boýunça milli hasabatlary taýýarlamaga ýardam etmek, şeýle hem DÖM-niň görkezijileri boýunça maglumat binýadyna ulanyjylaryň elýeterliligini üpjün etmek ýaly ugurlarda ýardam eder. Bu, öz gezeginde, maglumat akymlaryna gözegçilik etmek üçin teklipleri işläp taýýarlamak prosesini tizleşdirer we Türkmenistanyň DÖM babatynda hasabat bermek boýunça milli statistiki mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Jahan Saparmamedowa

Jahan Saparmamedowa

UNDP
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz