Press reliz

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekiliniň sapary

02 noýabr 2022

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekiliniň sapary Rişard Komenda Türkmenistana saparyny tamamlady.

Bu sapar Türkmenistanda BMG-niň ýurt boýunça toparynyň Mary şäherinde her ýyl geçirýän ýygnagyna gatnaşmak maksadybilen guraldy, bu ýygnakda 2023-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň ýurt boýunça toparynyň arasynda hyzmatdaşlygyň, şol sanda adam hukuklarynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Mundan başga-da, jenap Komenda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen 2023-nji ýyl üçin adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

7-nji noýabrda jenap Komenda Daşary işler ministri jenap Meredow, Adalatçy hanym Gurbannazarowa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň müdiri jenap Nuryýew we Içeri işler ministriniň orunbasary jenap Agabaew bilen duşuşdy.

Adalatçy bilen geçiren duşuşygynda jenap Komenda konstruktiw hyzmatdaşlygy, hususan-da Aziýa-Ýuwaş umman forumy, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi we BMGÖM bilen bilelikde 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha beriş çärelerini geçireni üçin minnetdarlyk bildirdi. Jenap Komenda, BMG-niňAdam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Pariž ýörelgelerine laýyklykda mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça Milli Adam hukuklary edarasyna maslahat we tehniki goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

Içeri işler ministriniň orunbasary bilen geçirilen duşuşykda jenap Komenda adam hukuklary babatynda okuwlary we gynamalaryň öňüni almak üçin netijeli milli mehanizmler boýunça geňeşmeleri dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.

Daşary işler ministri bilen geçirilen duşuşykda jenap Komenda BMG-niň adam hukuklary babatynda şertnamalaryny Türkmenistanyň durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny belläp, adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça BMG bilen pudagara komissiýa hyzmatdaşlygyň berkemegine bolan şatlygyny bildirdi. Şeýle hem, ol Türkmenistanyň BMG-niň şertnamalaýyn edaralaryna bermeli hasabatlaryny we 2023-nji ýylda geçiriljek adam hukuklary geňeşinde Älhliumumy döwürleýin syny (4-nji tapgyr) ara alyp maslahatlaşdy.

Jenap Komenda, Türkmenistan bilen BMG-niň ýörite proseduralary we BMG-niň beýleki hukuk goraýjy mehanizmleriniň arasyndaky gepleşiklerde öňegidişligi saklamagyň möhümdigini aýtdy. Taraplar BMG-niň Baş sekretarynyň adam hukuklary ugrunda hereket etmäge eden çagyryşyny durmuşa geçirmek, ÄDS prosesi, milli hukuk goraýjy edaralaryny güýçlendirmek, adam hukuklary boýunça bilim we BMG-niň adam hukuklary baradaky ähliumumy jarnamasynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan kampaniýa taýýarlyk ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Ýelena Butova

OHCHR
Maksatnama boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz