Press reliz

BSGG we UNICEF: COVID-19 pandemiýasy wagtynda yzygiderli immunizasiýa hyzmatlaryny bermegi dowam etmek möhümdir

20 aprel 2020

  • 2020-nji ýylyň Ýewropa immunizasiýa hepdeligini belleýän metbugat beýanaty

ŽENEWA / KOPENGAGEN, 20-nji aprel, 2020 ý. COVID-19 pandemiýasy ýokanç keselleriň çägini bilmeýändigini aç-açan ýatladýar. Girdejisine ýa-da saglyk ulgamlarynyň güýjüne garamazdan, ähli ýurtlar onuň öňünde gowşak bolýar. Täze koronawirusyň görkezýän tizligi we weýrançylygy onlarça million adamyň birnäçe hepde izolýasiýa ýaşaýan we 100 000-den gowrak adamyň ölýän tutuş Ýewropa sebitindäki durmuşyny düýpgöter üýtgetdi.

COVID-19 pandemiýasyna garşy sanjymyň gyssagly zerurlygy immunizasiýanyň ömürleri we ykdysadyýeti goramakda möhüm rol oýnaýandygyny görkezýär. Bütin dünýädäki alymlaryň täze koronawirusa garşy sanjymy döretmegiň üstünde işlemegi we COVID-19-a jogap bermek üçin saglyk potensialynyň ösmegi bilen, milli immunizasiýa maksatnamalary öňküden has uly mana eýe bolýar. Ýewropa sebitiniň hökümetleri adamlary sanjymlary eýýäm bar bolan köp kesellerden goramak üçin bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalanmalydyrlar.

Meýilnama boýunça sanjymlar edilmese, keselleriň döremek howpy ýokarlanýar. 2018-nji ýylda BSGG-niň Ýewropa sebitinde gyzamyk sanjymynyň ilkinji tapgyryny takmynan 527 000 çaga sypdyrdy. Bir ýyldan soň, 2019-njy ýylda gyzamyk wirusy Ýewropada immunizasiýa boşlugyny ýüze çykardy we ähli ýaş toparlarynda 100 000-den gowrak adamyň kesellemegine sebäp boldy. Sanjymlaryň kömegi bilen öňüni alyp boljak kesellerden sanjym arkaly çagalary, ýetginjekleri we ululary goramak saglyk ulgamlarynyň durnuklylygy üçin zerur şertdir.

"Islendik ýerde ýokanç kesellere gowşak goralmagyň jemgyýetiň saglygyna howp salýandygyny biz bilýäris – diýip, Hanym Afşan Han, UNICEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň sebileýin müdiri aýtdy. - Saglygy goraýyş işgärleri we sanjymlar üçin ýeterlik goragy üpjün etmek bilen bir hatarda, adaty immunizasiýa maksatnamalarynyň bu dartgynly döwürde işlemegini dowam etdirmek zerur. Bu işde öň meýilnama boýunça immunizasiýadan geçmedik iň ejiz çagalar ileri tutulmalydyr ".

Şeýle görlüp-eşidilmedik döwürde, COVID-19-a ýerli jogap adaty immunizasiýa hyzmatlarynyň wagtlaýyn kesilmegine sebäp bolsa, ýurtlar ýagdaý durnuklaşandan soň immunizasiýa hyzmatlaryny gysga wagtda täzeden dowam etdirmegi meýilleşdirmeli.

Ýurtlar has ýokary töwekgelçiligi bolan adamlara sanjym etmäge we iň çetleşdirilenleri hem goşmak bilen, ähli adamlaryň COVID-19-a gaşy sanjymyň elýeterli bolandan soň, oňa deň hukukly bolmagyny üpjün etmeli.

“Biz dürli ýaşdaky adamlara sanjymlary milli meýilnamalara laýyklykda dowam etdirmegiň üsti bilen, COVID-19-yň saglyk ulgamlarymyza mundan beýläk täsirinden gaça durup bileris. Men ýurtlary hatda bu kyn pursatda immunizasiýa hyzmatlaryny bermäge we sanjymlara bolan talaby adamyň ömrüniň dowamynda höweslendirmäge çagyrýaryn. Immunizasiýany ileri tutmak meniň işimiň dört sany esasy ugrunyň biridir we Ýewropa boýunça täze iş meýilnamasynda BSGG-niň saglyk düşünjesiniň merkezidir"- diýip, BSGG-niň Ýewropa boýunça sebit býurosynyň direktory doktor Hans Genri P. Klýuge aýtdy.

Türkmenistan meýilnama boýunça immunizasiýa maksatnamasyny doly durmuşa geçirmegi we döwlet býujetinden maliýeleşdirmegi dowam etdirýär. UNICEF-iň üsti bilen satyn alan we BSGG tarapyndan deslapky synagy geçen ýokary hilli immun sanjymlary milli immunizasiýa meýilnamasyna laýyklykda ähli çagalara mugt berilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurtda sanjymlar ähliumumy diýen ýaly derejede üpjün edildi.

BSGG we UNICEF hökümetleriň immunizasiýa maksatnamalaryny güýçlendirmek baradaky tagallalaryna, şol sanda deň immunizasiýa hyzmatlaryny bermek üçin strategiki meýilnamalaşdyrmak, sanjymlaryň öňüni alyp boljak kesellere gözegçiligi güýçlendirmek, ýerli jemgyýetiň gatnaşmagy we bilimini güýçlendirmek üçin edýän tagallalaryna goldaw bermäge dowam eder.

Biziň häzirki wagtda girýän täze geljegimizde sanjymlar öňki ýaly hemmeler üçin saglyk we abadançylyk üçin esas bolup hyzmat eder. Raýaşlygyň, bilelikdäki hereketleriň we “hiç kimi galdyrmazlyk” ýörelgesine yzygiderli ygrarlylygymyz sebäpli, biz bilelikde has sagdyn geljegi döredip bileris.

#Vaccineswork

UNICEF barada

UNICEF-iň işi her bir çaganyň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde, bu borçnamany amaly herekete öwürmek üçin 190-dan gowrak ýurtda we sebitde işleýäris, işimiziň netijelerini iň ejiz we izolirlenen çagalara ýetirmek üçin aýratyn tagalla edýäris. Dünýäniň hemme ýerinde ähli çagalaryň peýdasyna işleýäris.

UNICEF we çagalar üçin alyp barýan işleri barada has giňişleýin maglumaty www.unicef.org/eca we UNICEF-iň Türkmenistanda alyp barýan işleri www.unicef.org/turkmenistan alyp bilersiňiz.

BSGG barada

BSGG Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyndaky jemgyýetçilik saglygy üçin jogapkär edaradyr. BSGG-niň Ýewropa sebitleýin býurosy BSGG-niň edara binasy bilen bilelikde global saglyk meselelerini çözmekde, saglygy goraýyş gözlegleriniň gün tertibini kesgitlemekde, kadalary we ülňüleri kesgitlemekde we syýasatyň ylmy taýdan esaslandyrylan görnüşlerini teklip etmekde öňdebaryjy rol oýnaýan alty sany sebit ofisiniň biridir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy agza döwletlere tehniki goldaw berýär, saglyk we jemgyýetçilik saglygy ýörelgelerine gözegçilik edýär we baha berýär, lukmançylyk gözleglerini maliýeleşdirýär we betbagtçylyklar bolan ýagdaýynda, gyssagly kömek berýär.

BSGG-nyň Ýewropa boýunça sebit býurosy we hemmeler üçin saglygy we abadançylygy ösdürmek boýunça alyp barýan işleri barada has giňişleýin maglumaty şu saýtda ýerleşdirilen: www.euro.who.int

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşyň:

Hanym Melani Şarp (Melanie Sharpe), UNICEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölümi (Ženewa), tel.: +41 79 834 7401;

el. poçta:  msharpe@unicef.org

Hanym Katarine de Kat (Catharina de Kat), «Sanjymyň üsti bilen öňüni alyp bolýan keseller we immunizasiýa» Matsatnamasy, BSGG-niň Ýewropa boýunça sebit býurosy (Kopengagen), tel.: +45 4533 6907; el. poçta: reynendekatc@who.int

Gülälek Soltanowa, UNICEF, Türkmenistan, +99365716045 gsoltanova@unicef.org

 

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz