Press reliz

2-nji gün: 3-nji “Sagdyn durmuş we abadançylyk” maksady Super martyň çäklerindäki milli konsultasiýalaryň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

03 mart 2016

  • DÖM enäni, bäbegiň we çaganyň aradan çykmaklaryny aradan aýyrmak boýunça gutarylmadyk Gün tertibiniň üns merkezinde galar.

Türkmenistanda DÖM boýunça ara alyp maslahatlaşmanyň ikinji güni 3-nji “Sagdyn durmuş we abadançylyk” maksadyna bagyşlanyp, ol Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan BMG-nyň ilat mirasy gaznasynyň (UNFPA), BMG-nyň çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG), BMG-nyň ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) we BMG-nyň Neşekeşlige we jenaýatçylyga garşy göreşmek müdirliginiň (BMGNJGG) goldamagynda 2016-njy ýylyň 3-nji martynda geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek hem-de hemmeler üçin abadançylygy saklamak esasy maksat bolup durýar.

“Saglygy goraýşy ösdürmek boýunça maksatlar adam ösüşiniň esasy alamaty hökmünde görülýär. Bilim, girdeji we şäherleşmek ýaly sosial, ykdysady we ekologiýa görkezijileri saglyga täsir edýärler, hem-de öz gezeginde sagdyn ilata peýda getirýärler”.

DÖM enäni, bäbegiň we çaganyň aradan çykmaklaryny aradan aýyrmak boýunça gutarylmadyk maksatnamanyň üns merkezinde galar. Adatça hasapdan aýrylan ýa-da marginallaşdyrylan ilat toparlarynda we käbir ýerler täze AIW infeksiýalary ösmegini dowam edýär.

Hroniki we heläkçilikli keseller öý hojalyklaryny garyplyga iterýän esasy jähtler bolup durýarlar. Ýokanç däl keseller hem bütin dünýäde adam saglygynyň agyr meselesi bolup durýar. Häzirki wagtda ähli ölümleriň 63%-i ýokanç däl keseller, esasan hem ýürek-damar keselleri, rak keseli, hroniki dem alyş ýollarynyň keselleri we diabet zerarly bolup geçýär.

Dört kesel zerarly pes we orta derejeli girdejili bolan ýurtlaryň jemi ýitgisi 2025-nji ýyla çenli 7 trillion amerikan dollaryna ýeter. Mundan başga-da, saglyga täsir edýän daşky gurşawyň jähtleri we sosial şertlere gerek bolan maýa goýumlar ýetmezçilik etmegini dowam edýär. AIW we saglyk boýunça işler entäk gutarardan köp.”

Dokuz töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 3-nji maksadyň 13 sany wezipelerini hem-de Türkmenistan üçin olaryň aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Konsultasiýalara gatnaşyjylar global maksatlaýyn görkezijileriň 13-den 12-sini kabul etmek boýunça ylalaşdylar, hem-de 24 görkezijiniň 15-si üýtgewsiz kabul edildi, 8-si bolsa ýerli şertlerden ugur alyp üýtgedildi. Türkmenistan üçin diňe 1 wezipe we oňa degişli 2 görkeziji kabul edilmedi.

Bu gün ähli ministrlikleriň we edaralaryň işjeň gatnaşmagyndaky janly ara alyp maslahatlaşmalary getirdi. Gatnaşyjylar şeýle hem degişli görkezijileriň girizilip biljek anyk milli meýilnamalary we strategiýalary hödürlediler.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz