BMG-niň ilat gaznasy erkekleri jyns deňligini öňe sürmek we aýallara garşy zorlugy aradan aýyrmak üçin #ErkeklerHem kampaniýasyna başlaýar
BMG-niň ilat gaznasy 16 işjeňlik gününiň dowamynda aýal-gyzlara garşy zorluk bilen göreşmek üçin #ErkeklerHem (#MenEngage) kampaniýasyna başlaýar.
BMG-niň ilat gaznasy erkekleri we oglanlary jyns deňligini öňe sürmäge we öýlerinde we jemgyýetlerinde aýal-gyzlara garşy zorlugy aradan aýyrmak üçin çärelere gatnaşmaga çagyrýar.
Jyns esasyndaky zorluga garşy 16 işjeňlik güni her ýyl noýabr aýynyň 25-den başlap (Zenanlara garşy zorlugy aradan aýyrmagyň halkara güni) dekabr aýynyň 10-na (Adam hukuklary güni) çenli dowam edýän we beýleki möhüm seneleri öz içine alýan halkara kampaniýadyr.
Dowam edip duran pandemiýanyň döwründe aýal-gyzlara garşy zorluk we jyns deňsizlik pandemiýasy ýokarlanýar. Pandemiýa döwründe aýallar we gyzlar hereketleriň çäklendirilmegi we bu pandemiýanyň öý hojalyklara ýeten sosial-ykdysady täsiri, COVID-19 bilen baglanyşykly tölenmeýän ideg işi ýa-da gorky we stres sebäpli ýokary derejede zorluk howpuna düşýärler. COVID-19 pandemiýasy aýallaryň içerki ýüküni artdyrýar we öý jogapkärçiligini hasam agyrlaşdyrýar.
Aýal-gyzlaryň erkekler bilen deňeşdirenimizde tölenmedik ideg işiniň agyr ýüküni öz boýnuna alyp, durnuksyz, resmi däl işlerde işlemekleriniň ähtimallygy ýokarydyr, bu bolsa COVID-19 sebäpli olaryň has gowşamagyna sebäp bolýar. COVID-19 döwründe jyns deňsizligine üns bermeýän sosial goraglylyk ulgamlary aýal-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan köp görnüşli diskriminasiýanyň güýçlenmegine sebäp bolup biler.
#ErkeklerHem kampaniýasy erkekleri we oglanlary öýde we işde oňyn sosial kadalary öňe sürmäge, deň hormat goýýan, sagdyn gatnaşyklary saklamaga we hemmeler üçin adam hukuklaryny goldamaga höweslendirýär.
Kampaniýa erkekleriň maşgalalarynda, jemgyýetde we iş ýerlerinde gatnaşyp biljek üç esasy ugruna gönükdiriler:
1) Atalyk we terbiýe bermek - erkekler maşgala we atalyk durmuşynda doly gatnaşmaga hukugy bar;
2) Erkekleriň reproduktiw saglygy we hukuk ýaly ugurlarda gatnaşmagy - erkekler maşgalany meýilleşdirmekde, ene we täze doglan çaga ideg etmekde we aýallaryň saglygynda ýaran bolmakda möhüm orun tutýarlar; we
3) Jyns esasyndaky zorlugy we jynsparazlygy aradan aýyrmak üçin erkekleriň gatnaşmagy - erkekler jemgyýetde we işde aýal-gyzlara garşy zorluga sebäp bolýan negatiw sosial kadalaryň öňüni almaga ýardam edip bilýärler.
Jyns orunlary erkekleriň durmuşyna edil aýallaryňky ýaly güýçli täsir edýändigi sebäpli jyns deňliginiň gazanylmagy hemmeler üçin özgertmeleri göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, ylmy-gözleg işleri gatnaşýan atalar öz ýoldaşlaryna we çagalaryna özlerini has baglanyşykly duýýandyklaryny we olar has bagtly, uzak ömür sürýändiklerini görkezýär.
16 işjeňlik gününiň dowamynda BMG-niň ilat gaznasy sosial medianyň ähli kanallarynda animasiýa faktlary, statistika habarlary, möhüm habarlary we hereket etmäge çagyryş habarlary ýaýradar. BMG-niň ilat gaznasy ähli erkekleri we oglanlary maşgalalarynda, jemgyýetlerinde we iş ýerlerinde jyns deňligini ösdürmäge nähili gatnaşýandyklaryny görkezýän surat ýa-da wideo tabşyrmaga çagyrýar.
Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:
Ene Tuýliýewa,
Ýaşlar we Kommunikasiýa
www.instagram.com/unfpa_turkmenistan
imo: +99362 833158