Aşgabatda migrasiýa görkezijilerini ýygnamak we derňemek boýunça taslama hödürlendi
04 fewral 2021
- Şu gün Halkara Migrasiýa Guramasy - Birleşen Milletler Guramasynyň Migrasiýa Guramasy, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen bilelikde migrasiýa boýunça görkezijileri ýygnamak we derňemek üçin “Migrasiýa pudagynda migrasiýa boýunça görkezijileri ýygnamak we seljermek üçin ukyby ýokarlandyrmak we bu ugurda milli strategiýalary işläp düzmek" atly bilelikdäki taslamany hödürlemek üçin telekonferensiýa geçirdi.
2021-2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda durmuşa geçiriljek we HMG-niň Ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama Durnukly Ösüş Maksatlaryny we ösüş ugrunda milli meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin migrasiýa boýunça maglumatlary ýygnamak we seljermek üçin öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge gönükdirilendir. Bu çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdy, olaryň gatnaşmagy, şol sanda hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň gatnaşmagy taslamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin möhümdir.
Okuwyň dowamynda Türkmenistanda HMG-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Azat Atajanow, Türkmenistanyň milli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenlerini migrasiýa boýunça maglumatlary ýygnamak we seljermek üçin döwrebap usullary ulanmak, milli derejede meýilleşdirmek we global derejedäki şertnamalar/gurallar barada hasabat bermek ýaly ugurlar bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen taslamany hödürledi. Mundan başga-da, gatnaşyjylar migrasiýa boýunça maglumatlary ýygnamak we derňemek üçin HMG-niň ulanylýan esasy gurallary bilen tanyşdylar we taslama boýunça iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda, gatnaşyjylar taslamanyň çärelerini amala aşyrmak üçin degişli möhüm meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar we taslamanyň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ylalaşdylar.