Press reliz

Merkezi Aziýada sanly döwürde deňlik

22 aprel 2021

  • Şu gün maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasynda gyzlaryň halkara gününde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan görnükli zenanlar bu ugurdaky tejribelerine esaslanyp, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasynda deňsizlikler we jyns bilen baglanyşykly stereotipleriniň arasyndaky baglanyşygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanýarlar.

Ýokary tehnologiýaly dünýäde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy gitdigiçe merkezi orny eýeleýär. Telekeçi, daýhan, suratkeş ýa-da balerina ýaly kärlerde maglumat tehnologiýalaryny öz içine almaýan hünäri göz öňüne getirmek mümkin däl.

COVID-19 çökgünliginde bütin dünýäde kärsiz galanlaryň ýarysyndan gowragy zenanlardyr. Pandemiýa we awtomatlaşdyryş ýaly uzak möhletli ýörelgeler bilen aýal-gyzlaryň iş ýerlerine deň derejede howp abanýan döwürde, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryna gönükdirilen işlere maýa goýmak COVID-19-dan ykdysady taýdan üstünlikli dikeldişi goldamak we jyns deňligi ugrundaky özgerişleri dowam etdirmek üçin möhüm bolup durýar.

Tehniki başarnyklara elýeterlilik çagalyk döwründe mümkin boldugyça ir üpjün edilmelidir. Ýaňy-ýakynda Täjigistanda geçirilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň gözleginde görkezilişi ýaly, bu ýaş aýal-gyzlaryň tehnologiki hünärlerden ýüz öwürmegi bilen baglanyşykda tehnologiýa pudagynda jyns taýdan bölünişigiň bilimden başlanýandygyny görkezýär. Bu häzirki wagtda Merkezi Aziýada maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň biliminde kän bir görkezilmedik gyzlar üçin has möhümdir. Aýal-gyzlar Gazagystanda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 32 göteriminden az, Özbegistanda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça talyplaryň diňe 17,8 göterimi okuwy tamamlaýar. Irki döwürde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryna gatnaşmak gyzlara ynam päsgelçiligini ýeňip geçmäge we geljekde ykdysady taýdan has garaşsyz we özi üçin ygtybarly bolmaga kömek eder.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň webinary Merkezi Aziýada ilkinji bolup, 22-nji aprelde sagat 15:00-da (Aşgabat, Duşanbe, Daşkent) / 16:00 (Bişkek, Nur-Soltan) internetde geçirilýär.

Çäräniň dowamynda Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda maglumat we aragatnaşyk kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri Merkezi Aziýada aýal-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary we bu pudaga has köp aýal çekmek üçin mümkin bolan çözgütler barada çykyş ederler.

Çykyş edenleriň sanawynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň tehnologiýa ýolbaşçylygyndaky zenanlar, şol sanda “HOOPE” taslamasynyň esaslandyryjylarynyň biri, innowator, biotehnolog  Damel Mektepbaýewa; Gyrgyzystanyň programma üpjünçiligi we hyzmatlary işläp düzüjiler birleşiginiň ýerine ýetiriji müdiri Şirin Mukambetowa; “Codify” barlaghanasynyň esaslandyryjysy we baş müdiri Dinara Ruslan, Türkmenistanda “WomenTechmakers” guramasynyň ilçisi we “Google Developer Group” guramasynyň esaslandyryjysy Maral Hudaýbergenowa, “Neksigol Muşowir” jemgyýetçilik guramasynyň ýerine ýetiriji direktory we Neksigol Nawowar Geňeşiniň esaslandyryjysy/başlygy Mahinahon Süleýmanowa dagylar bardy.

Çäräniň maksady maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynda hünärmen we höwesli gyzlara we zenanlara tehnologiýa boýunça bilim we kär mümkinçiliklerini giňeltmek üçin umumy tejribelerini birleşdirmäge we ösdürmäge kömek etmekden ybarat.

“Codify” barlaghanasynyň baş ýerine ýetiriji direktory we esaslandyryjysy Dina Ruslan şeýle belledi: “Garyplyk, jyns taýdan diskriminasiýa, jyns stereotipleri we sanly sowatsyzlyk gyzlaryň we zenanlaryň sanly tehnologiýalardan peýdalanmagyna päsgelçilik döredýär we bizi yzda galdyrýar, çünki global işçi güýji sanly gurallary we beýleki tehnologiýalary has köp ulanýar. Zenan lideri hökmünde, men zenanlaryň we gyzlaryň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryndan daşda durmazlygyny üpjün etmek üçin, olary bu işe çekmäge üns berýän".

Gyzyklanýanlar has giňişleýin maglumat we hasaba durmak üçin bit.ly/girlsintechCA girip biler.

Bu wakanyň ara alnyp maslahatlaşmasyna #girlintechcentralasia heştegi we “Facebook” torunyň wakalar sahypasynyň üsti bilen yzarlaň.

Gyzlaryň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň güni boýunça wideony görüň, şeýle hem maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynda nusgawy zenanlar bilen geçirilen söhbetdeşlikleri okaň.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz