Press reliz

Türkmenistanda UNOPS-yň (Birleşen Milletler Guramasynyň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirligi) açylyş dabarasy

10 iýun 2021

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň resmi taýdan açylyş dabarasyny gurnadylar.

Bu çäre Ýaponiýanyň Hökümeti bilen UNOPS-yň arasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamany amala aşyrmak boýunça Ýaponiýanyň Hökümeti tarapyndan grant bermegiň çäklerinde, 2021-nji ýylyň Mart aýynyň 5-ine lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly hat alyşmagy sebäpli geçirildi.

“UNOPS-yň Türkmenistanda açylmagy, BMG we Türkmenistanyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüşiň çarçuwaly hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanda durnukly ösüşi goldamak üçin global bilermen, maslahat we tehniki goldaw berýän BMG-niň işleriniň barha artýanlygynyň görkezýär” diýip Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň wezipesini w.ýe.ýe. hanym Kristin Weýgand belledi.

Çäräniň açylyş dabarasynda, Awstriýanyň köp ýurtly edarasynyň Direktory hanym Freýa fon Grote şu taslamanyň Türkmenistanyň we ýurduň ilatynyň pandemiýa bilen göreşmäge taýýardygyny, şeýle hem lukmançylyk hünärmenlerine we saglyk ulgamyny güýçlendirmäge ýardam berjekdigini aýtdy.

Milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Taslamanyň maksatlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary, mümkinçilikleri artdyrmak we taslama dolandyryjysy jenap Wasil Tolkaçýow tarapyndan hödürlenen meýilnamalar barada habar berildi.

UNOPS (Awstriýanyň köp ýurtly edarasy - AUMCO üsti bilen) bahasy 2,8 million ABŞ dollary möçberinde uly goşant eden Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan Türkmenistanda lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça taslamasyny amala aşyrýar. Bu işler Türkmenistanyň Hökümetine ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny güýçlendirmek babatyndaky çemeleşmelerine ýardam bermek üçin aşakdaky işleri amala aşyrylar.

● Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine BMG ulgamynyň utgaşdyrmagy arkaly, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem (WHO), zerur bolan lukmançylyk serişdeleriniň we enjamlarynyň sanawyny we aýratynlyklaryny kesgitlemek bilen goldaw bermek.

● UNOPS kadalaryna we öňdebaryjy halkara tejribesine laýyklykda zerur bolan lukmançylyk serişdelerini we enjamlaryny satyn almagy üpjün etmek.

● Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen satyn alnan enjamlary ýurt içinde gerekli ýerlere eltilmegini, şeýle hem kepillik, tehniki hyzmat we ahyrky ulanyjylar üçin tälim okuwlaryny gurnamagy utgaşdyrmak.

● Satyn alnan enjamlary Ministrlik tarapyndan paýlaşdyrylmagyna, ýygnalmagyna we kabul edip alynmagyna gözegçilik etmek. 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

EOJ
Embassy of Japan

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz