Global pandemiýa garşy göreşmek üçin Ýolagçylar barada deslapdan maglumatlary alyşmagyň ulgamlary we gurallary (API/PNR)
17 iýun 2021
- Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanasy MHG-nyň Gyrgyzystandaky wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň goldawy bilen “Global pandemiýa garşy göreşmek üçin Ýolagçylar barada deslapdan maglumatlary alyşmagyň ulgamlary we gurallary (API/PNR)” atly iki günlük seminary geçirýär.
Bu seminar MHG-nyň ösüş gaznasynyň goldawy bilen “Ýolagçylar barada deslapdan maglumatlary alyşmak ulgamyny Türkmenistanda ornaşdyrmak” atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde geçirlip, onuň maksady gatnaşyjylary API ulgamyny bütin dünýäde ulanmagyň häzirki zaman şertleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi. Has takygy, ýolagçylaryň ýeňillikli hereket etmegine we howpsuz ýagdaýda syýahat etmegine ýardam edýän API we başga ulgamlary hem-de gurallary durmuşa geçirmekde öňde baryjy tejribeler bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar COVID-19 bilen kesellän adamlary yzarlamakda ýolagçylar barada deslapky maglumatlaryň peýdasy, migrantlaryň we adamyň hukuklaryna hormat goýmak bilen bir hatarda global pandemiýa bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde bu ulgamyň hökümetlere berip biljek ýardamyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Seminar “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirlip, oňa Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň degişli hökümet edaralarynyň wekilleri, has takygy Döwlet Migrasiýa gullugynyň, Döwlet Serhet gullugynyň, Döwlet Gümrük gullugynyň, Milli Howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri Işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we raýat awiasiýasy agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Raýat Awiasiýasy Halkara Guramasynyň (ICAO) hünärmeni we MHG-nyň geňeşçisi Kristofer Hornek API we PNR ulgamlaryna umumy syn, ulgamlaryň arasyndaky tapawutlar we olaryň peýdalary we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyk bilen maslahata ganaşyjylary tanyşdyrdy.
MHG-nyň Wena şäherindäki ştab-kwartirasynyň, Migrasiýany dolandyrmak bölüminiň hünärmeni Keý FUKAGAWANYŇ bellemegine görä: “Agza döwletleriň serhet dolandyryş mümkinçiliklerini artdyrmak MHG-yň ileri tutýan ugurlarynyň biridir”.
Gyrgyzystanyň degişli hökümet edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Terrorçylyga Garşy Göreşmek boýunça Müdirliginiň (UNOCT) hünärmenleri, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (WHO) geňeşçileri, Halkara Howa Ulaglary Birleşiginiň (IATA) hünärmenleri, Raýat Awiasiýasy Halkara Guramasynyň (ICAO) hünärmenleri we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) hünärmenleri bu seminara wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.