Press reliz

Eksport dolandyryşy boýunça orta möhletli tälimçilik başlangyjy Türkmenistanda geçirildi

11 iýun 2021

  • Halkara Söwda Merkezi 2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” (“Söwda taýýar”) taslamasy boýunça orta möhletli çäre geçirdi. Bu çärede Türkmenistanda eksport dolandyryşy boýunça tälimçilik başlangyjyndan gelip çykan öňegidişlikler we sapaklar görkezdi. Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekilýetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň, ýerli ownuk, kiçi we orta kärhanalaryň we Halkara Söwda Merkeziniň Türkmenistandaky “Ready4Trade” toparynyň wekilleri gatnaşdy.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanan Eksport dolandyryşy boýunça başlangyjy import / eksport, sertifikasiýa, ýük ekspedisiýasy we logistika boýunça baý tejribesi bolan ýerli hünärmenler tarapyndan iş ýerinde tälim bermek arkaly işewürlere amaly we işjeň maslahat hyzmatlaryny hödürleýär. Bu çäre ýerli hyzmatdaşlara başlangyjyň usulyýetini hödürledi we soňky 6 aýyň dowamynda tälimçilik wekilýetleri tarapyndan Türkmenistanyň 12 sany ownuk, kiçi we orta kärhanalaryna üpjün edilen başlangyç sapaklary öz içine aldy.

“Ownuk, kiçi we orta kärhanalary milli ykdysadyýetleriň köpüsiniň sütünidir. Üstünlik gazanmak üçin, olaryň hereket edýän düzgünlere we kadalara laýyk gelmegini, şeýle-de milli kanunlaryň we dogry dolandyryşyň olary goldamagyny üpjün etmek möhümdir. Eksporty dolandyrmak boýunça tälimçilik başlangyjy bilen, Merkezi Aziýadaky ýerli ownuk, kiçi we orta kärhanalaryň söwdanyň maksimal diwersifikasiýasyny üpjün etmek üçin halkara eksportyny ýa-da adaty bazarlardan daşary satuwlaryny giňeltmegi öwrenýärler. Tälimçilik diňe bir bilim ýetmezçiligini doldurmaga mümkinçilik bermän, eýsem dürli eksport meselelerinde açyk we işjeň gepleşik we tejribe alyşmak üçin giňişlik döretmäge mümkinçilik berýär” – diýip, Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň başlygy ilçi Diego Ruiz Alonso aýtdy.

Çäräniň dowamynda ownuk, kiçi we orta kärhanalar eksport amallarynda gazanylan üstünlikleri görkezip, gatnaşyjylar bilen tejribe alyşmagy başardy. Çäräniň ahyrynda okuwlara gatnaşan ownuk, kiçi we orta kärhanalaryna şahadatnama gowşuryldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň wekili Serdar Annanepesow: “Ready4Trade Eksport Dolandyryşy boýunça okuw başlangyjynyň goldawy bilen, Türkmenistanyň ownuk, kiçi we orta kärhanalary halkara bazar ülňülerine we düzgünlerine boýun bolmagyň usullaryny öwrener we dünýäde bäsdeşlige has ukyply bolar” – diýip belledi.

Bu başlangyja laýyklykda, zenanlar tarapyndan dolandyrylýan kärhanalara aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistanyň 40 sany ownuk, kiçi we orta kärhanalaryň ýylyň ahyryna çenli tälimçilik hyzmatlary bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Bu başlangyç 2021-nji ýylyň dekabrynda üpjün edilen ähli wekilýetlerden alnan umumy sapaklary görkezýän jemleýji çäre bilen belleniler.

Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” taslamasy Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara Söwda Merkeziniň bilelikdäki başlangyjydyr. Onuň maksady sebitdäki we halkara söwdany ösdürmek arkaly Merkezi Aziýanyň umumy durnukly we öz içine alyjy ykdysady ösüşine goşant goşmakdyr. Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” taslamasyndan peýdalanyjylar hökümetleri, kiçi we orta kärhanalary, hususan-da zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky kärhanalary we telekeçiligi goldaýan guramalary öz içine alýar. Taslama 5 ýurtda: Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda işleýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

EU
European Union
ITC
Halkara söwda merkezi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz