Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlary boýunça köptaraply hyzmatdaşlygyň öz nusgasyny görkezdi
23 awgust 2019
- Türkmenistan 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 21-22-ne Gyrgyzystan respublikasynyň Yssyk-köl etrabynda geçirilen Demirgazyk we Merkezi Aziýada gyzyklanýan taraplar üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça forumda Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli dowam etjek Gün tertibini durmuşa geçirmekde köpsanly hyzmatdaşlary çekmek boýunça tejribesini bölüşdi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş bölüminiň başlygy jenap Atajan Ataýew köpsanly gyzyklanýan taraplaryň ýurt boýunça Meýletin milli syny taýýarlamaga gatnaşandygy barada belläp geçdi we 2019-njy ýylyň iýul aýynda Nýu Ýork şäherinde geçirilen Ýokary derejeli syýasy forumda Meýletin milli synynyň esasy netijeleriniň görkezilendigi barada gysgaça aýdyp berdi.
Öz gezeginde, Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça hökümetara toparynyň sekretariatynyň başlygy jenap Rustam Mämedow Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça sebitleýin başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça ýurduň öňdebaryjylygy barada aýtdy.
Forum Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin BMG-nyň Ykdysady we jemgyýetçilik komiteti tarapyndan guraldy. Onuň maksady agza ýurtlaryň we Demirgazyk hem-de Merkezi Aziýada beýleki gyzyklanýan taraplaryň serhetara meselelere, şeýle-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň milli we submilli derejelerde durmuşa geçirilmegini tizleşdirmegiň ýollaryna has çuň we doly düşünmäge ýardam bermekden ybaratdy.
Forumyň netijesinde köpsanly gyzyklanýan taraplar bilen syna we maslahatlara esaslanan hasabat işlenilip düzüldi. Bu hasabat 2020-nji ýylda geçiriljek Durnukly ösüş boýunça Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin forumda görkeziler.
Foruma gatnaşyjylar sebitleýin hyzmatdaşlygy we biri-birinden öwrenmek boýunça mümkinçilikleri ösdürmegiň möhümligi barada belledi. Ondan başga-da, olar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça öňegidişlikleri tizleşdirmek boýunça maslahatlary işläp düzdi we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ýüze çykýan serhetara meseleleri kesgitledi, şeýle-de bu meseleleri aradan aýyrmagyň usullaryny açdy.