Press reliz

Halkara Migrasiýa Guramasy ýolagçylar barada deslapky maglumat ulgamy boýunça pudagara iş topary üçin milli okuw maslahatyny geçirdi

16 sentýabr 2021

  • Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) – BMG-niň Migrasiýa Guramasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen hyzmatdaşlykda ýolagçylar barada deslapky maglumat ulgamy boýunça pudagara iş topary üçin milli okuw maslahatyny gurady. Bu çäre HMG-niň Ösüş Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän "Merkezi Aziýada ýolagçylar barada deslapky maglumat ulgamyny ornaşdyrmak" atly sebitleýin taslamanyň çäginde geçirildi.

Bu okuw maslahatynyň maksady migrantlaryň, jemgyýetiň we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň peýdasyna ýolagçy barada maglumatlary ulanmak arkaly Türkmenistanyň hökümetiniň serhet gözegçiligini we serhetini netijeli dolandymak üçin mümkinçilikleri ýokarlandyrmakdyr.

Bu okuw maslahatyna ýolagçylar barada maglumatlary gaýtadan işleýän ähli milli pudaklaryň we ministirlikleriň wekilleri, şol sanda, milli polisiýa, Milli howpsyzlyk ministrligi, Döwlet gümrük gullugy, Migrasiýa gullugy, howa menzilleriniň howpsuzlyk işgärleri, raýat awiasiýasy we Türkmenistanyň awiakompaniýalary gatnaşdy. Maslahatda HMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Azat Atajanow, Serhet dolandyryşy API, PNR, I-API ýaly ugurlar boýunça halkara hünärmeni Erik Slawenas, Gyrgyzystanda API/PNR iş toparynyň ýolbaşçysy jenap Adylbek Kadaraliýew çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar pudagara hyzmatdaşlygyň dinamikasy we maglumat alyş-çalşygy, halkara derejesinde alnan tejribeler we öwrenilen sapaklar, “ýeke penjire” mehanizmy, ýolagçylar barada maglumaty işlemek merkezi (PIU), hukuk esaslary, gizlinligiň möhüm orny, adamlar barada maglumatlary, şeýle hem olaryň hukuklaryny goramak - API ulgamyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur bolan çemeleşmeler ýaly möhüm mowzuklara degip geçdiler. Halkara hünärmenler (API/iAPI/PNR) ýaly ulgamlar boýunça tehniki bilimleri we başarnyklary bilen paýlaşdylar hem-de halkara kanunlary we görkezmeleri barada söhbetdeşlik etdiler. Mundan başga-da milli hyzmatdaşlar, Türkmenistanda API ulgamyny ornaşdyrmak prosesiniň API iş toparynyň mundan beýläk ugry we ädimleri barada pikir alyşyp berişdiler we jenap Kadaraliýew bilen ylalaşyga geldiler: “API iş toparynyň tutýan möhüm ornuna düşünmek – API ulgamyny durmuşa geçirmek we ondan peýdalanmak üçin esasy milli mehanizmdir.”

Bu okuw maslahaty HMG tarapyndan Türkmenistanda API ulgamyny öwrenmek üçin guralan wakalaryň biridir. HMG Türkmenistanyň hökümeti bilen API-ni ornaşdyrmak üçin dürli çemeleşmeler boýunça tehniki tejribe we maslahat bermek ugrunda işleşmegi dowam etdirmäge borçlanýar.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz