Maslahatyň ýokary derejeli gatnaşyjylary Türkmenistanyň hökümetini BMG-niň agzalygyna goşulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar we Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlykda gazanan üstünliklerini bellediler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna goşulany bäri, strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly BMG-niň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlaşmagy hem bellenilip geçildi.
Maslahatdan öň Türkmenistanyň Daşary işler ministri we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, 2052-nji ýyla çenli Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça Milli maksatnamany durmuşa geçirmek ugrunda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnama we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we çäreleri görmek ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnamany durmuşa geçirmek üçin 2022 ýyl üçin Bilelikdäki hereketler meýilnamasy ýaly birnäçe strategiki resminamalara gol çekdiler.
"Biziň Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygymyz hemişe hökümete milli ileri tutýan ugurlaryny durmuşa geçirmäge we DÖM-ni gazanmakda goldaw bermäge gönükdirilendir" – diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.
Baýramçylygy bellemegiň çäginde BMG “BMG-niň nusgasy” atly çära gatnaşdy, bu ýerde 15 türkmen talyplary BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine gepleşikleriň ähmiýeti baradaky rezolýusiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar, bilelikde işläp düzdiler we kabul etdiler.
Çäräniň ahyrynda, BMG-niň düzümleýin edaralary adam hukuklaryny öňe sürmekde we goramakda, sosial taýdan adalaty we deňligi üpjün etmekde Türkmenistana berýän goldawyny dowam etdirjekdigini tassykladylar, bu hem BMG-niň Baş sekretary tarapyndan hödürlenen BMG-niň umumy Gün tertibiniň esasy ugurlaryna laýyk gelýär.