Migrasiýa boýunça Halkara Guramasy, Ýewraziýa Gaznasy we ABŞ-nyň Halkara Ösüş Guramasy ýaşlaryň inisiatiwalaryny golladylar
19 maý 2022
- Aşgabat şäherinde Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň/BMG-niň Migrasiýa boýunça Agentliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy (MHG) Ýewraziýa Gaznasy (EF) bilen hyzmatdaşlykda, Merkezi Aziýada Durmuş Innowasiýalar (SICA) maksatnamasynyň çäginde we ABŞ-nyň Halkara Ösüş üçin Guramasy (USAID) bilen Ýaşlaryň inisiatiwalary bazaryny geçirdiler.
Bu çärä 40 wekilden gowrak gatnaşdylar. Olar, ýaş liderler, ýaşlar maksatnamalaryna gatnaşyjylar, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, şeýle-de ýurdumyzyň dürli sebitlerinden jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň işgärleri.
Ýarmarkanyň esasy maksady ýerlerde sosial meseleleri çözmäge goşant etmek üçin döwlet, jemgyýetçilik guramalary we lider ukyply ýaşlsary birleşdirmäge meýdança döretmek bolup durýar. Ýagny, iň gowy taslamalaryň awtorlary öz ideýalaryny köpçiligiň garamagyna hödürlediler. Bu taslamalar yglan edilen bäsleşigiň çäginde döredildi. Öz gezeginde, döwlet we jemgyýetçilik guramalary iş tejribeleri bilen paýlaşdylar we ýaşlara maslahat berdiler. Geljekde şeýle hyzmatdaşlyk ýaş liderlere wajyp we zerur taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik döreder.
Gatnaşyjylara Türkmenistandaky USAID guramanyň ýolbaşçysy Nino Nadiradze ýüzlendi.
“Ýaşlar ösüşiň hereketlendirijisy bolup durýar. Men ynanýan siziň potensialyňyzy artdyrmak we siziň oý pikirleriňizi ýerine ýetirmäge mümkinçilik döretmek durnukly netijä getirer. Biz bilesimiz gelýär, siz nähili sosial taslamalary we adamlara ýerlerde kömek etmäni düşünýäsiňiz”.
Söziniň soňynda hanym Nadiradze ýaşlara taýýarlan ideýalaryna sagbolsun aýtdy, şeýlede ol geçirilen ýygnak gyzykly taslamalaryň başlamagyna we öndürnjilikli hyzmatdaşlyga ýardam berer diýip ynanç bildirdi.
Soňra, MHG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Azat Atajanow gatnaşyjylary garşylady we ýaş liderlara tekliplerini ornaşdyrmaga mümkinçilik boljakdygyny aýtdy. Bazar – tanyşmak we aragatnaşyklary gurnamak üçin gowy platforma. Goşmaça, ol ýaşlary täze ukyp we kompetensiýa gazanmaklygy, öz ýurdynda ulanmaklygy we onuň ösüşine goşant etmeklige çagyrdy.
«Ýaşlaryň teklipler bazaryna gatnamaşmagym “Meýletinçi Akademiýasy” atly taslamamy geljekde ýerine ýetirmäge uly itgi boldy. Türkmenistanda ýaşlar hereketini ösdürmek meseleleri hem maslahatlaşyldy. Tejribeli wekiller bilen söhbetdeşlik peýdaly taraplaryň biri bolup durdy. Geçirilen çäräniň täsirini ýaş liderler bilen kesgitlemek we ýaşlarlaryň taslamalaryny amala aşyrmaga ýardam bermek üçin aragatnaşyk gurnamak gyzykly boldy» − Jemal Kakyshewa, “Ýenme” Jemgyýet birleşiginiň meýletinçisi.
“Örän gyzykly duşuşyk gurnaldy we gowy teklipler hödürlendi. Men hem öz taslamam bilen gatnaşdym. Ol maýyp adamlara kömek bermek barada. Men tejribeli hünärmenler bilen maslahatlaşmak we gürleşmek mümkinçiligi boldy. Çäräniň guramaçylaryna döredilen mümkinçiligine sag bolsun aýtýan” – Allaberdy Kemmiýew “Saglyk” taslamanyň awtory.
“Ýaşlaryň inisiatiwasy bazary” bilen men birinji gezek gatnaşýan. Bu hem gowy. Ýaş adamlar öz pikirini beýan etýäler we ukybyny kämilleşdirýärler. Soňra olar durmuşda, telekeçilik ulgamda özlerini tapmaga kömek ederler, we jemgyýete peýdalanyly bolarlar”, − Gözel Myradalyýewa Mary welaýatynyň “Däp Dessur” guramasynyň ýolbaşçysy, çäre gutarman soň aýtdy.