Press reliz

Türkmenistanyň milli statistika ulgamyna global derejede baha bermek

27 maý 2022

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa boýunça Ykdysady Komissiýasynyň we Ýewropanyň Erkin Söwda Birleşiginiň wekillerinden ybarat bolan halkara missiýa Türkmenistanyň Milli statistika ulgamyna global derejede baha bermek üçin Türkmenistana geldi.

Global derejede baha bermegiň maksady halkara we Ýewropa ýörelgelerine we tekliplerine, şol sanda BMG-niň esasy ýörelgelerine, hem-de Ýewropanyň statistika babatynda amaly kodeksyna laýyk gelýän resmi statistiki maglumatlary döretmek üçin milli statistika edarasynyň institusional, guramaçylykly we tehniki mümkinçiliklerini çuňňur we giňişleýin seljermek üçin işleri geçirmek boldy.

Hepdäniň dowamynda hünärmenler Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň, ministrlikleriň statistika bölümleriniň we metbugat işgärleri bilen birnäçe ýygnaklary geçirdiler we milli kanunçylyk, institusional gurluş, milli statistika ulgamynyň gurluşy, şol sanda usulyýet, hil, IT, statistika maglumatlaryny döretmek we ýaýratmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, missiýa halkara guramalarynyň ýerli we sebitleýin bölümleriniň wekilleri bilen duşuşyp, mümkinçilikleri artdyrmak boýunça meýilnamalara, şeýle hem statistika pudagynda tehniki hyzmatdaşlyk babatynda dowam edýän we meýilleşdirilýän taslamalara gözegçilik etmekde statistikanyň tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara hünärmenleri jemleýji hasabaty, statistiki mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça meýilnamalara we strategiýalara girizilmeli - milli statistiki ulgamlaryň durnukly ösüşi boýunça giňişleýin teklipleri bermek bilen hödürlärler (meselem, statistikany ösdürmek babatynda esasy meýilnamalar ýa-da milli strategiýalar). Bu strategiýalar, halkara jemgyýetçiliginiň goldawy bilen Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçiriljek statistika babatynda ýyllyk iş meýilnamalaryň çäginde durmuşa geçirmek üçin maslahat berler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz