HMG migrasiýa ugrunda Milli strategiýalary işläp düzmegiň iň oňat tejribeleri boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirdi
21 iýun 2022
- Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) – BMG-niň Migrasiýa Guramasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen bilelikde migrasiýa ugrunda Milli strategiýalary işläp düzmegiň iň oňat tejribeleri boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirdi.
Bu okuw maslahaty HMG-niň Ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän "Türkmenistanda ösüş ugrunda milli meýilnamalar üçin migrasiýa barada statistikany ýygnamak, derňemek we ulanmak üçin milli mümkinçilikleri artdyrmak" taslamasynyň çäginde geçirildi.
Maslahatyň maksady maglumat, tejribe we öňdebaryjy tejribe bilen paýlaşmak, şeýle hem migrasiýa boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy. Bu maslahata Türkmenistanyň Hökümetiniň migrasiýa meseleleri boýunça iş alıp barýan ministrlikleriniň we pudaklarynyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet Statistika komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty we Mejlis gatnaşdy. Şeýle-de, bu çärä Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Albaniýanyň we Moldowanyň sebitleýin bilermenleri gatnaşdy we migrasiýa boýunça strategiýalary işläp düzmek prosesinde toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar.
Täjigistanly bilermen Saodat Olimowa şeýle diýdi: “Döwletiň migrasiýa babatyndaky syýasaty ilatyň durmuşynda we şol döwletiň çäginde ýaşamak we işlemek isleýän daşary ýurt raýatlarynyň durmuşynda möhüm orun tutýar, şeýle hem ýurduň halkara derejede ýagdaýyna täsir edýär." Merkezi Aziýa sebitindäki migrasiýa proseslerini giňişleýin öwrenmek bilen milli hyzmatdaşlar migrasiýa dolandyryşynyň dinamikasyny we kynçylyklaryny, şeýle hem milli migrasiýa strategiýasyna mahsus bolan iň oňat tejribeleri ara alyp maslahatlaşdylar.