Migrasiýa boýunça Halkara Guramasy, Ýewraziýa Gaznasy we ABŞ-nyň Halkara Ösüş üçin Guramasy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Yaşlaryň liderlik ukypy boýuýça çareler geçirýärler
Türkmenistandaky HMG Halkara Ýaşlar Gününe bagyşlanan iki günlük Ýaş Liderleriň dynç alyş toplumyny gurnadylar.
Türkmenistandaky Migrasiýa boýunça Halkara Guramasy, Ýewraziýa Gaznasy (EF) bilen milli syýahatçylyk zolagynda “Ýaşlardan - Ýaşlar üçin” şygary bilen Halkara Ýaşlar Gününe bagyşlanan iki günlük Ýaş Liderleriň dynç alyş toplumyny gurnadylar. Bu çäre Migrasiýa boýunça Halkara Guramasy we Merkezi Aziýada Durmuş Innowasiýalar (SICA) maksatnamasy tarapyndan “Jemgyýete gatnaşmak arkaly ýaşlaryň potensialyny güýçlendirmek” taslamanyň çäginde amala aşyrylýar we ABŞ-nyň Halkara Ösüş üçin Guramasy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän bäş ýyllyk maksatnama.
Bu çärä 40 ýaş lider, şeýle hem hünärmenler, ylym, döwlett we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tejribe we pikir alyşmak, derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gatnaşýarlar. Mundan başga-da, dynç alyş toplum aragatnaşyk saklamak üçin platforma döretmäge goşant goşýar, gatnaşyjylara ýurduň dürli künjegindäki deň-duşlary bilen duşuşmaga we aragatnaşyk saklamaga, peýdaly baglanyşyklary (networking) ösdürmäge, täze bilimleri we endikleri ele almaga, bilelikde geljekde ýerine ýetiriljek taslamalar boýunça pikirlenmäge we meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Çäräniň maksatnamasy sport ýaryşlardan, açyk howada oýunlaran, üstünlik hekaýalaryny görkezmekden, hakaton geçirmekden, çekişmelerden, ussatlyk sapaklardan we tematiki leksiýalardan gurnaldy. Leksiýalaryň we sapaklaryň temalary ýaş gatnaşyjylarynyň gyzyklanmalaryndan esaslanyp saýlandy.
Gatnaşanlaryň liderlik ukyplary hakaton döwründe aýdyň ýüze çykdy, ýagny dört topar belli bir meseleleri saýlap, olary çözmegiň asyl usullaryny teklip edenlerinde. Bäsleşikde, körler üçin jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak üçin ykjam programma hödürlemegi we agyz suwunyň paýhasyz ulanylmagyny azaltmak boýunça bilim kampaniýasyny geçirmegi teklip eden iki topar ýeňiji boldy.
ABŞ-nyň Halkara Ösüş üçin Guramasynyň (USAID) ýolbaşçysy Nino Nadiradze bu çäräni açyp, “ýaşlara ösmäge we kämilleşmäge mümkinçilik bermek ABŞ-nyň Halkara Ösüş üçin Guramasynyň ileri tutulýan ugurlaryň biridir bolup durýar, şonuň üçin ýaşlara goldaw bermäge şatdyrys! Bu çäre dürli künjeklerinden ýaş liderlary birleşdirýär. Yaşlar bu pursatdan peýdalanyp, inisiatiwany kabul etmek, pikir alyşmak we tejribe alyşmak, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin mundan beýläk ulanyp boljak täze hünärleri we bilimleri alarlar diýip umyt edýärin".
Türkmenistandaky Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň wekilhanasynyň wekili Gülşirin Annadurdyýewanyň salamynda “ýaşlaryň her ýurtda jemgyýetiň durmuşynda möhüm rol oýnaýandygy nygtaldy. Garmoniýa sazlaşykly ösmegi, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna doly gatnaşmagy ýurduň gülläp ösmeginiň we ösüşiniň girewi bolup durýar. Saglyga we bilime inwestisiýa etmek ýaşlaryň has hemmetaraplaýyn ösmegi üçin şert döredýär".
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekili Merdanmuhammet Kasymow “2021-2025-nji ýyllar aralygynda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamasy dürli halkara ýaryşlarynda ýaş türgenlerimiz üçin ýokary sport baýraklary görnüşinde miwe berýär we ýaşlary täze üstünliklere iterýär”.
“Türkmenistandaky ýaşlar öz jemgyýetlerine nähili goşant goşup boljakdygy barada döredijilikli we innowasion pikirleri bilen tapawutlanýar. Bu ýaşlaryň dynç alyş toplumy dürli künjeginden gelen zehinli ýaşlar bilen aragatnaşyk gurmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär, we geljekde bilelikde hereket etmek boýunca düşünje berýär" - diýdi çäräniň gatnaşyjysy Leýli Ýakşyýewa.
"Ýaş Liderleriň dynç alyş toplumy şu gün ýurdumyzyň geljegine we ösüşine goşant goşýan hadysany öz içine alýar" -diýip, spiker we ýaş lider Faruh Hodjakulyýew aýtdy.
Şabibi Osmanowa dynç alyş toplumy barada şeýle diýdi: “Örän işjeň, umumy gyzykly we peýdaly waka. Bu ýerde köp gyzykly zatlar öwrendim we dostlukly ýagdaý meni gaty haýran galdyrdy. Aýratynam Emosional intellekt sessiýasyndan lezzet aldym, sebäbi görmeýänler üçin duýgularyna baha bermek we gözegçilik etmek gaty möhümdir".
Gatnaşanlaryň pikiriçe, iki gün döredijilik, özüňi döredijilik tarapyndan açmak we potensialy durmuşda ulanmak üçin itergi boldy. Bu tomusyň ajaýyp wakasy ýatda galar we täze bilimler we döredilen işewür gatnaşyklar olaryň işinde, okuwynda we geljekki jemgyýetçilik işlerinde peýdaly bolar.