Sungaty girdejili bir işe öwürmek
Ruhlandyryjy sungat işgäri, Şeker Akiniýazowa, Keşde sungat studiýasyny açmak üçin oňa näme itergi berendigi barada Söwda forumy bilen söhbetdeş boldy.
Ruhlandyryjy sungat işgäri, Şeker Akiniýazowa, Keşde sungat studiýasyny açmak üçin oňa näme itergi berendigi barada gürrüň bermek üçin Söwda forumy bilen söhbetdeş boldy.Şeýle hem, ol Türkmenistanyň Arhitektorlar bileleşiginiň agzasy we maýyplygy bolançagalara goldaw berýän maksatnamalaryň işjeň meýletinçisi. Şeker 2021-nji ýyldan bäri “Ready4Trade Merkezi Aziýa” taslamasynyň elektron söwda maksatnamasyna gatnaşýar.
Keşde sungat studiýasy nähili döredildi?
Aksesuar, geýim we öý bezegi dizaýneri hökmünde men işimi sosial mediýada öňe sürmägebaşladym. Ol bize adamlaryň ünsini çekmäge ýardam etdi. Biz üstünlik gazandyk. Şeýlelik bilen biz Iş Nokady atly ýerli kompaniýa bilen bilelikde pandemiýa wagtynda pes girdejili aýal-gyzlara tikimçilik öwretmek üçin Britaniýanyň ilçihanasyndan grant utdyk.
Ine şeýdip, tälim alan aýal-gyzlarymyza tikimçilik etmek we keşde çekmek üçin ýer berip,Keşde sungat studiýasyny açdym. Şu güne çenli biz olar bilen işlemegi dowam etdirýäris. Olaryň hemmesi ýurduň dürli şäherlerinden we biz olary mümkin boldugyça iş bilen üpjün edýäris.
Men öz toparymyza buýsanýaryn, sebäbi biz jemgyýetiň gowşak gatlaklaryndan bolan ýaşlary we aýallary goldaýarys, şeýle hem milli däp-dessurlary öňe sürýän bir işi alyp barýarys. Jemgyýete goşant goşmak we beýlekileri hem şeýle hereketlere itergi bermek örän möhümdir.
Bilşimiz ýaly, siz diňe bir egin-eşik we esbaplar pudagynda işlemeýärsiňiz. Meýletinçilik işiňiz barada bize aýdyp beräýseňiz.
Çeper studiýa maňa ululara we maýyplygy bolan çagalara sungat öwretmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň dürli ilçihanalarynda meýletinçi bolup işlänimde, men sungat arkaly aýratyn çagalaryň ösüşine goşant goşmaga höweslendim. Meniň pikirimçe, olar özlerini gowşak duýmaly däldirler we döredijilikli bolmak - olaryň döredijiligini we aragatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.
Biz döredijilikli pikirlenmegi, döredijilik ukybyny ösdürmegi öwredýäris, şeýle hem adamlara wagtlaryny gowy geçirmäge mümkinçilik berýäris. Çaga geljekde haýsy hünäri saýlasa-da, döredijilikli pikirlenmek ukyby karar bermekde elmydama ýardam eder.
Şeýle hem, studiýa dürli hünärmenleriň eserlerini satuwa çykarmaga mümkinçilik berjek,hyzmatdaşlyk üçin bir giňişlikdir.
Siz öz kiçi işiňizi nädip girdejili işe öwürdiňiz?
Biziň esasy müşderilerimiz halkara kompaniýalarynda we ilçihanalarynda işleýän daşary ýurtly raýatlardyr, emma bu adamlar gaty az. Girdeji önümiň üstüne goşmaça bahagoýmakdan gelýär, sebäbi biz köpçülikleýin önümçilik bilen meşgullanmaýarys. Biz önümiň aýratynlygyna we hiline üns berýäris.
Elbetde, köpçülikleýin önümçiligiň dolanyşygy ýokary bolany üçin onuň girdejisi hem ýokary bolýar. Ýöne biziň esasy maksadymyz türkmen sungatynyň gözelligini dünýä ýetirmek bolany üçin, biz müşderilerimiziň milli türkmen önümine ýokary baha berýändiklerine begenýäris,.
Ähli önümler elde ýasalan. Olar üýtgeşik we biz öz işimizi gaýtalamaýarys. Şeýle önümçilik köp wagt alýar. Biziň döredýän işimize täze halk döredijiligi diýilýär - adaty we häzirki zamansungatyň utgaşmasy, ähli nagyşlar elde edilen, bu bolsa häzirki wagtda seýrek bolýar.
“Ready4Trade” taslamasyna gatnaşmak bilen näme üýtgedi?
Taslama gatnaşmak kararyna gelmezden ozal, studiýa meniň üçin hakyky iş däl-de, gyzyklanmady. Maksatnamalara gatnaşmagyň üsti bilen men oňa başgaça garap başladym. Indi men öz işimde, şeýle hem satuw işlerinde meniň ýardam edýän hünärmenlerimiň işindemümkinçilikleri görýärin.
Elektron söwdany öwrenmek we okuw arkaly onlaýn görnükliligi ýokarlandyrmak, meniň abunaçylarymyň köpelmegine sebäp boldy. Olaryň sany 10% artdy, satuwlar 14% artdy, şeýle-de maňa ýene 20,000 ulanyjylary gazanmak miýesser etdi.
Umuman aýdanymyzda, biz marketing ukybymyzy ýokarlandyrdyk we brendymyz barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin zerur bolan zatlar barada düşünjämizi giňeltdik. Bu maksatnamalara gatnaşmak elmydama peýdalydyr, sebäbi ol häzirki wagtda möhüm bolmadyk gurallary täzeden gözden geçirmäge ýardam edýär.
Işiňizi indiki derejä ýetirmek üçin size näme gerek?
Daşary ýurtlara haryt ibermek üçin bize oňat logistika zynjyry gerek, sebäbi biziň önümlerimize daşary ýurtda ýokary isleg bildirilýär. Mundan başga-da, dürli halkara onlaýn platformalarda dükan açmak hem gowy pikir. Netijede, biziň önümlerimiz üçin markanyň meşhurlygyny ýokarlandyrmak üçin yzygiderli mahabat etmek gaty möhümdir.
Başlangyç kompaniýalaryna näme maslahat bererdiňiz?
Üstünlik gazanmagyň ýoly kyn bolup biler. Elmydama netijelere üns beriň. Pikirleriňize we höwesiňize üns beriň, bazary we onuň ugurlaryny öwreniň, sabyr ediň, şowsuzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan gorkmaň we isleg bildirýänleriň isleglerine görä baha goýuň.
“Ready4Trade Merkezi Aziýa” maksatnamasynyň çäginde Ýewropa Bileleşigi (ÝB) we Halkara Söwda Merkezi (HSM) sebitde sebitara we halkara söwdany höweslendirmek arkalyMerkezi Aziýanyň umumy durnukly we inklýuziw ykdysady ösüşine goşant goşmak üçin tagallalaryny birleşdirýärler. Şeker şol peýdalanyjylaryň biridir. Taslama bäş ýurtda hereket edýär: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.