Press reliz

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sebitleýin forumy: Merkezi Aziýa sebitiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak

06 oktýabr 2022

  • Täjigistanyň Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky üç günlük sebitleýin forum tamamlandy.

Her ýyl ýokary derejede geçirilýän bu ýygnaga Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky edaralarynyň ýolbaşçylary we beýleki döwlet işgärleri, şeýle hem halkara ösüş guramalarynyň wekilleri, hünärmenler we tebigy howplar, hem-de betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini dolandyrmak boýunça ylmy-gözleg edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylar sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň töwekgelçiliklere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin geçirmeli çäreler, şeýle hem sebitde irki duýduryş ulgamlaryny we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak barada pikir alyşdylar.

Çäräniň açylyş dabarasynda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakala şeýle diýdi: “ÝB-niň nukdaýnazaryndan, Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak suw, oba hojalygy, howanyň üýtgemegi, energiýa, howpsuzlyk we saglygy goraýyş ýaly köp pudaklary öz içine alýar. Häzirki wagtda, ÝB çykdajysy takmynan 40 million ýewro bolan dokuz sany uly taslamalary maliýeleşdirýär, bu bolsabetbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça ulgamlary pugtalandyrmaga we sebitiň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu ugurda biz Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlarymyz, BMG-niň düzümleýin edaralary, ÝHHG, Bütindünýä banky, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky, Halkara ylym we tehnologiýa merkezi, hem-de Almaty şäherinde ýerleşýän Adatdan daşary ýagdaýlar we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça merkezi bilen edýän hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýäris."

BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirliginiň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölüminiň ýolbaşçysy jenap Oktawian Biwol çykyşynda şeýle diýip, belläp geçdi: “Bu forum, howanyň üýtgemegi we betbagtçylyklaryň howplary Merkezi Aziýanyň geljegine howp salmaz ýaly betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin bir mümkinçilik döredýär. Sebitiň döwletleri betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi baradaky Strategiýany we Ýol kartasyny kabul etdiler, indi biz betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi baradaky Sendaý çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin alyp barýan işlerimiziň depginini tizleşdirmelidiris."

“Bütindünýä banky, bu sebit forumynyň bäş ýurduň arasynda betbagtçylyklara taýýarlyk görmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täsirli platforma hökmünde tutýan ornuna ýokary baha berýär. Ol adatdan daşary ýagdaýlar baradaky edaralaryň we halkara ösüş guramalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitiň tebigy betbagtçylyklara garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin geçirmeli çäreleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýän meýdança öwrüldi."- diýip, Bütindünýä bankynyň şäher ösüşi we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi boýunça hünärmeni hanym Çi-Ýun Huan aýtdy.

Duşuşyk, Sebitleýin forumynyň sekretariaty hökmünde çykyş edýän Adatdan daşary ýagdaýlar we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak merkeziniň goldawy bilen Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň garamagyndaky Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goragy komiteti tarapyndan geçirildi. Bu çäre ÝB tarapyndan maliýeleşdirildi we Bütindünýä banky, Tebigy betbagtçylyklary azaltmak we dikelmek boýunça Global gaznasy(GFDRR), hem-de BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky müdirligi (UNDRR) tarapyndan tehniki goldaw berildi.

Şeýle-de delegatlar, 2021-nji ýylda, Daşkentde geçirilen Sebitleýin forumyň netijesinde kabul edilen, 2022-2030-njy ýyllar üçin Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin strategiýanyň Hereketler meýilnamasyny bilelikde gözden geçirdiler we onuň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek üçin indiki ädimler barada teklipleri işläp düzdiler.

ÝB Merkezi Aziýa ýurtlaryna betbagtçylyga garşy durnuklylygyny güýçlendirmekde, 2019-njy ýylda durmuşa geçirilip başlanan iki derejeli sebitleýin başlangyjynyň çäginde goldaw berýär. Bu başlangyjyň iki netijesi bar, olaryň biriniň çäginde UNDRR betbagtçylyklaryň töwekgleçiligini azaltmak boýunça sebitleýin, milli we ýerli utgaşdyryş hem-de dolandyryş ulgamlaryny pugtalandyrmak, şeýle hem 2015-2030-njy ýyllar üçin Sendaý çarçuwaly maksatnamasynda görkezilen maksatlara ýetmek üçin alnyp barylýan işleriň gidişine gözegçilik etmek ugrunda goldaw berýär. Netijeleriň ikinji ugry, Bütindünýä Banky tarapyndan GFDRR gazansynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylyp, Merkezi Aziýada milli we sebitleýin derejede maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmak we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin subutnamalar esasynda maglumatlary we mümkinçilikleri ösdürmegi maksat edinýän çärelerden ybaratdyr. Netijeleriň ikisi-de Almaty şäherinde ýerleşýän CESDRR bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

---------------------------------------------------------------------------------------------------------

4-nji oktýabrda Sebitleýin ylym we tehniki geňeşiň (RSTC) giňişleýin ýygnagy geçirildi, bu ýerde Merkezi Aziýada töwekgelçilige sebitleýin derejde baha bermegiň täze usullarynyň netijeleri, şeýle hem aýry-aýry ýurtlaryň durmuş taýdan goraglylyk ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça hasabatlary hödürlendi. Mundan başga-da, gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini maliýeleşdirmek arkaly olary ýeňip geçmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik beren tegelek stollar geçirildi. Şeýle-de, gatnaşyjylar RSTC-niň sebitde betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça ulgamy pugtalandyrmak ugrundaky ornuny ara alyp maslahatlaşdylar we sebitde ösüş ugrunda beýleki hyzmatdaşlar tarapyndan başlanan, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini bahalandyrmagyň goşmaça nusgalary barada öwrendiler.

5-nji oktýabrda delegatlar 2022-2030-njy ýyllar üçin betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek Strategiýasy üçin Hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine syn berdiler we adamzadyň alyp barýan işleri sebäpli döreýän tehnogen hadysalar zerarly ýüze çykýan töwekgelçilikler boýunça sebitara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Täjigistanyň mysaly esasynda sebitde betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini maliýeleşdirmegiň çemeleşmeleri bilentanyşdylar.

Çäräniň soňky gününde Merkezi Aziýa döwletleriniň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky edaralarynyň wekilleri halkara ösüş guramalarynyň we ylmy guramalaryň hünärmenleri bilen betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we adatdan daşary ýagdaýlar ýaly ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin birnäçe meýilnamalary we başlangyçlary gözden geçirdiler we ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, delegatlar betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek strategiýasynyň Hereketler meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin niýetlenen maksatlary we 2023-24-nji ýyllar üçin Hereketler meýilnamasynygözden geçirdiler.

Goşmaça maglumat üçin:

ÝB-niň Gazagystandaky wekiliýeti: delegation-kazakhstan-pic@eeas.europa.eu;

Jenap Abdurahim Muhidow, UNDRR-yň sebitleýin maksatnamasynyň utgaşdyryjysy: muhidov@un.org

Hanym Çi-Yun Huan, Bütindünýä bankynyň şäher ösüşi we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça uly hünärmeni, e-poçta: chuang@worldbank.org.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

EU
European Union
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

EBRD
European Bank for Reconstruction and Development
OSCE
Organization for Security and Co-operation in Europe
World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz