Press reliz

FAO-nyň Baş direktory howanyň üýtgemeginiň täsirlerini çözmek üçin bilelikde we pudagara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny nygtady

22 ýanwar 2026

Türkmenistan, Aşgabat – Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýuý Dunýuý 2026-njy ýylyň 21–22-nji ýanwarynda Türkmenistana sapar bilen gelip, FAO-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça azyk we iýmit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga hem-de howanyň üýtgemegine durnukly agro-azyk ulgamlaryny ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Saparyň esasy bölegini Aşgabatda FAO we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bilelikde gurnalan Howanyň üýtgemeginiň çäklerinde azyk howpsuzlygy: howanyň üýtgeýän şertlerinde saglyk we iýmitleniş atly Halkara maslahaty, şeýle hem ýokary derejeli duşuşyklary öz içine aldy.

Surat: © FAO Turkmenistan

Maslahaty açyp, Baş direktor howanyň üýtgemeginiň bütin dünýäde agro-azyk ulgamlaryna has güýçli täsir edýän häzirki möhüm döwründe bu dialogy gurandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Ol howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly krizisiň eýýäm açlyk we iýmit ýetmezçiliginiň esasy sebäpleriniň birine öwrülendigini, onuň azyk howpsuzlygynyň üç ölçegine — azygyň elýeterliligine, üpjünçiligine we nyrh taýdan elýeterliligine — şeýle hem azygyň dört derejesine: esasy, ýokumlylyk, sagdynlyk we işjeňlik derejelerine täsir edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol agro-azyk ulgamlaryny has netijeli, inklýuziw, durnukly we ekologiýa taýdan ygtybarly etmek üçin gyssagly özgertmeleriň zerurdygyny nygtady.

Toplumlaýyn çözgütleriň ähmiýetini belläp, Baş direktor “Bitewi saglyk” (One Health) çemeleşmesini howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, iýmitlenme we saglyk bilen baglanyşykly özara meseleleri çözmek üçin amaly we täsirli çarçuwaly ulgam hökmünde görkezdi. “Azyk we agro-azyk ulgamlary çözgüdiň bir bölegidir” diýip, ol belledi we One Health çemeleşmesini durmuşa geçirmekde ministrlikleriň arasynda hyzmatdaşlygyň zerurdygyny nygtady.

Baş direktor hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň hem möhüm ähmiýetini belläp, döwlet we hususy pudaklary, raýat jemgyýetini hem-de ösüş boýunça hyzmatdaşlary öz içine alýan pudagara hyzmatdaşlygyň hiç kimi yzda galdyrmaýan Dört gowulyga, has gowy önümçilige, has gowy iýmitlenişe, has gowy daşky gurşaw şertlerine we has gowy durmuşa, ýetmekde, şeýle hem One Health çemeleşmesini we netijeli howa çözgütlerini amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.

Bir günlük maslahat Merkezi Aziýa, Kawkaz we goňşy ýurtlaryň oba hojalygy, saglyk we daşky gurşaw pudaklaryndan ministrleri, ýokary derejeli ýolbaşçylary we tehniki hünärmenleri, şeýle hem sebit ösüş banklarynyň we halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Ara alyp maslahatlaşmalar howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, iýmitleniş we saglyk bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin toplumlaýyn, köp pudakly çemeleşmelere gönükdirildi we durnukly agro-azyk ulgamlarynyň esasy hökmünde One Health çemeleşmesine aýratyn üns berildi.

Saparynyň dowamynda Baş direktor Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Ol Oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew, Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow we oba hojalyk toplumyna jogapkär Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew bilen duşuşdy. Duşuşyklarda howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, durnukly oba hojalyk önümçiligini ösdürmek hem-de oba hojalygy, daşky gurşaw we saglyk pudaklarynda syýasatlaryň sazlaşygyny üpjün etmek boýunça FAO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Baş direktor şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp, azyk howpsuzlygy, howa çäreleri, suw serişdelerini dolandyrmak we durnukly ösüş boýunça sebit we global başlangyçlardaky hyzmatdaşlygy we Türkmenistanyň gatnaşygyny ara alyp maslahatlaşdy.

Saparyň çäginde Baş direktor Türkmenistanyň agro-azyk ulgamlaryny we medeni mirasyny görkezýän birnäçe desgalara baryp gördi. Aşgabat Atçylyk sport toplumynda ol dünýä belli ahalteke bedewlerine syn etdi. Şeýle hem “Altyn Halka” Döwlet maldarçylyk kärhanasyna baryp, howanyň üýtgemegi şertlerinde maldarçylygy durnukly dolandyrmak, öndürijiligi we durnuklylygy ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň muzeýine we Türkmen halylarynyň Milli muzeýine baryp görmek göz öňünde tutuldy.

Saparynyň ahyrynda Baş direktor FAO-nyň Türkmenistan we sebitdäki ýurtlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam edip, howa çärelerini giňeltmäge, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we agro-azyk ulgamlaryny özgertmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz