BMG we Türkmenistanyň Hökümeti 2025-nji ýylyň netijelerini seljerdi hem-de 2026–2030-njy ýyllar üçin bilelikdäki ileri tutulýan ugurlary kesgitledi
03 fewral 2026
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 3-nji fewraly — Şu gün Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasy BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Bilelikdäki netijeler boýunça toparlaryň duşuşygyny geçirip, 2021–2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we BMG-nyň arasynda Durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çaginde gazanylan öňegidişlikleri gözden geçirdiler hem-de 2026–2030-njy ýyllar üçin täze hyzmatdaşlyk tapgyrynyň bilelikdäki ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Duşuşyga 30-dan gowrak ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, milli guramalaryň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň ähli agzalary gatnaşdy.
Açylyş dabarasynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko Hökümet wekillerini we BMG-niň hyzmatdaşlaryny gutlady we milli ösüş ileri tutulýan ugurlaryny ilerletmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça ösüşi tizleşdirmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigini belledi. Ol 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň adam hukuklaryny pugtalandyrmakda, sanly özgerişlerde, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda we howanyň üýtgemegi boýunça durnuklylygy güýçlendirmekde, şeýle hem ýokary hilli saglygy goraýyş, bilim we sosial gorag hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmekde ösüşleri üpjün edendigini nygtady.
Duşuşygyň birinji bölüminde Bilelikdäki netijeler toparlarynyň ýolbaşçylary 2025-nji ýyl üçin Bilelikdäki Iş meýilnamalarynyň çäginde gazanylan üstünlikleri nygtap geçdiler, şol sanda:
- Dolandyryş, adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy: institusional ösüşiň güýçlendirilmegi we adamlaryň bähbitlerine gönükdirilen dolandyryş tejribeleriniň kämilleşdirilmegi.
- Ykdysadyýetiň inklýuziw diwersifikasiýasy: durnukly ykdysady özgertmeleri öňe sürmek we hususy sektoryň gatnaşygyny giňeltmek boýunça milli guramalar bilen hyzmatdaşlyk.
- Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak. Durnuklylygy berkitmek, we betbagtçylyk töwekgelçilikleri peseltmek : daşky gurşaw dolandyryşynyň, durnuklylyk mehanizmleriniň we howa çäreleri boýunça hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi.
- Saglygy goraýyş we sosial gorag hyzmatlarynyň hili: inklýuziw, gender taýdan duýgur we ýokary hilli döwlet hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalar.
- Bilim we başarnyklaryň ösdürilmegi: bilim ulgamynyň laýyklygyny, hilini we inklýuziwligini ýokarlandyrmagyna gönükdirilen goldaw.
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ykdysadçysy jenap Uladzimir Waletka, geljegi öňünden çaklamaga esaslanýan “horizon scanning” (geljek mümkinçiliklerini öňünden synlamak) çemeleşmesi arkaly taýýarlanan 2025-nji ýyl boýunça BMG-niň Ýurt derňewiniň esasy netijelerini tanyşdyrdy. Derňew DÖM-lere geçişiň dokuz esasy ugurlary boýunça irki duýduryş signalyny ýüze çykardy. Bu signallar Türkmenistanyň DÖM-leri özgertmek boýunça Milli borçnamalaryny ilerletmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Olaryň hatarynda sanlylaşdyrmagyň jemgyýetçilik we sebit taýdan ýetirýän täsirleri, aýallar we çagalar babatda zorlugyň dowam edýän töwekgelçiliklerini aradan aýyrmak, zähmet bazaryndaky resmi däl iş üpjünçiligini azaltmak, ýaşyl energiýa geçişini çaltlandyrmak, suw howpsuzlygyny hem-de ekosistemalaryň durnuklylygyny güýçlendirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly maliýeleşdirilmegini üpjün etmek, mekdebe çenli bilime elýeterliligi giňeltmek we sosial gorag ulgamynyň gurşawyny mundan beýläk hem güýçlendirmek ýaly ugurlar bar. Bu signallar BMG–Türkmenistanyň 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy üçin subutnama esasyny üpjün edýär hem-de DÖM-leri özgertmek boýunça Milli borçnamalara laýyklykda maýa goýumlaryny ileri tutmak we ýüze çykýan töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça BMG bilen Hökümetiň bilelikdäki tagallalaryna ýol görkeziji bolar.
Duşuşygyň ikinji bölüminde BMG-niň agentlikleri we Hökümet hyzmatdaşlary 2026-njy ýyl üçin Bilelikdäki Iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meýilnamalar Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda täze 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy bilen utgaşykly taýýarlanyldy. Çykyşlarda döwlet dolandyryşy, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, howa durnuklylygy we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek, saglygy goraýyş, sosial hyzmatlar we bilim meseleleri beýan edildi. Soňra degişli ministrlikler we BMG-niň agentlikleri bilen pikir alyşmalar geçirildi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň diwanynyň ýolbaşçysy jenap Çary Nurmuhammedow täze hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň dolandyryş gurluşynyň taslamasyny hödürledi. Bu gurluş güýçli jogapkärçiligi, aç-açanlygy we netijelere gönükdirilen utgaşdyrmagy üpjün eder. Bu teklip fewral aýynyň soňlarynda geçiriljek Bilelikdäki Dolandyryş komitetiniň mejlisinde tassyklanar.
BMG-niň Ösüşi maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlyk boýunça hünärmeni jenap Maksat Keşiýew 2025-nji ýyl boýunça Maliýe hasabatyny, şeýle hem 2026–2030-njy ýyllar üçin Serişdeleri ýygnamak we hyzmatdaşlyk strategiýasyny hödürledi. Ol serişdeleriň zerurlygyny üpjün etmek we häzirki wagtda takmynan 78 göterim möçberindäki maliýe ýetmezçiligini azaltmak üçin maliýeleşdirmegiň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem öňki tapgyrda esasy donor hökmünde çykyş eden Hökümetiň täze 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny boýunça hem möhüm maliýe goldawynyň dowam etdirilmegine garaşylýandygy nygtaldy.
Gatnaşyjylar durnukly ösüşi ilerletmekde, ýüze çykýan gowşaklyklara jogap bermekde we DÖM-e ýetmegi çaltlandyrmakda BMG bilen Hökümetiň arasyndaky dowamly hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassykladylar. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy şu günki pikir alyşmalaryň netijeleriniň şu aýyň ahyrynda geçiriljek Dolandyryş Komitetiniň duşuşygynda hödürlenjekdigini hem habar berdi.
BMG milli ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmekde, adam hukuklaryny öňe sürmekde we hemmeler üçin durnukly, inkluziw we çydamly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistana goldaw bermäge ygrarlydygyny tassyklady.