Press reliz

BMG-niň Türkmenistandaky edarasy DÖM-iň ýaş ilçileri Maksatnamasynyň ýapylyş çäresini geçirdi

06 fewral 2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 6-njy fewraly — Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri Maksatnamasynyň ýapylyş dabarasyny geçirdi. Bu çäre 2024–2025-nji ýyllaryň toparyndaky iň işjeň ýaşlary Aşgabatdaky BMG-niň binasynda jemlediolar özara pikir alyşdylar we şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan amala aşyrylan bu maksatnama Türkmenistanyň dürli künjeklerinden ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryny we ýaş hünärmenleri öz içine alyp, ýaşlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän başlangyçlara, habardarlygy ýokarlandyrmak işlerine hem-de döredijilik arkaly DÖM-leri ilerletmäge gönükdirilendi.

Duşuşygyň dowamynda DÖM-iň ýaş ilçileri öz geçen ýoluna ser salyp, DÖM bilen baglanyşykly pikirleriň üstünde işlemek we jemgyýet esasly goşantlaryny ýerine ýetirmek arkaly gazanan bilimlerini, tejribelerini we netijeli düşünjelerini paýlaşdylar.

Ýapylyş çykyşynda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapçenko ýaşlaryň maksatnamanyň dowamynda görkezen yhlasy, döredijiligi we borçnama ygrarlylygy üçin olara ýokary baha berdi. Ol öz çykyşynda olaryň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, geljekki okuw we hünär ýolunda DÖM-iň gymmatlyklaryny ulanmagy dowam etdirmäge höweslendirdi. Şeýle-de ol resmi maksatnamanyň tamamlanandygyna garamazdan, olaryň oňyn üýtgeşmelere goşant goşmak mümkinçilikleriniň dowam edýändigini nygtady.

Dabara gatnaşyjylara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen tamamlandy. DÖM-iň ýaş ilçileri Maksatnamasy Türkmenistanyň ýaşlaryny güýçlendirmek, olaryň liderlik ukyplaryny ösdürmek we Durnukly Ösüş Maksatlaryna has çuňňur düşünmegi üpjün etmek boýunça möhüm meýdança bolmagynda galýar.

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdiýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz