Press reliz

BMG Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ikinji sebit okuw maslahatyny başlady

09 mart 2026

Aşgabat, Türkmenistan — 2026-njy ýylyň 9-njy marty. Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň edarasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bu gün Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin Ikinji okuw maslahatyny başlady. Aşgabatdaky BMG-niň öýünde geçirilýän bäş günlük intensiw okuw maslahaty Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýaş wekillerini bir ýere jemleýär.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Açylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi we Türkmenistandaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapachenko tarapyndan alnyp baryldy. Ýokary derejeli ýolbaşçylar çykyş etdiler, olaryň arasynda:

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa
  • Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Luigi Ferrari
  • Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Stiwen Konlon
  • UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşliyew

Okuw maksatnamasy Italiýanyň we Beýik Britaniýanyň hökümetleriniň maliýe goldawy netijesinde amala aşyryldy. Ol BMG-niň ýolbaşçylygyndaky has giň başlangyjyň bir bölegi bolup, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, diplomatik mümkinçilikleri güýçlendirmäge we Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň geljekki liderleriniň arasynda özara düşünişmegi ösdürmäge gönükdirilendir. Hepdäniň dowamynda ýaş diplomatlar BMG-niň ulgamy, halkara hukugy, durnukly ösüş, ynsanperwerlik işi, gender deňligi, ykdysady seljerme, adam hukuklary we daşky gurşaw diplomatiýasy boýunça bilimlerini çuňlaşdyrarlar.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

“BMG diplomatik ýolbaşçylaryň indiki neslini güýçlendirmäge ygrarlydyr,” diýip jenap Şlapachenko aýtdy we ýaş diplomatlara goýulýan maýa goýumlaryň uzak möhletleýin sebit durnuklylygyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýandygyny belledi.

Merkezi Aziýadaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjylarynyň, BMG agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň, hyzmatdaş hökümetleriň wekilleriniň we halkara guramalaryň gatnaşmagynda geçirilýän okuw ýokary derejeli çykyşlary, simulýasiýa maşklaryny, amaly başarnyk boýunça ussatlyk sapaklaryny, diplomatik protokol we etiket boýunça sapaklary, köpçüligiň öňünde çykyş etmek we mediýa aragatnaşyk modullaryny, Durnukly ösüş maksatlary, ynsanperwerlik ýörelgeleri, maglumatlar we demografiýa boýunça tematik brifingleri, şeýle hem BMG agentliklerine we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkezine syýahatlary öz içine alýar.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Gatnaşyjylar şeýle hem Sebit boýunça ýaşlar dialogyna gatnaşarlar, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ilçileri bilen duşuşarlar we medeni hem-de aragatnaşyk çärelerine gatnaşarlar.

Okuw 2026-njy ýylyň 13-nji martynda Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek ýapylyş dabarasy bilen tamamlanar. Soňra Ýaponiýanyň Ilçihanasy tarapyndan kabul edişlik guralar.

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdiýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz