BMG-niň Baş sekretary ähli ýurtlary öz ýagdaýlaryna laýyklykda giňişleýin çemeleşmäni ýola goýmaga çagyrdy.
2020-nji ýylyň 11-nji martynda Çarşenbe güni Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) koronawirus (COVID-19) keselini pandemiýa diýip häsiýetlendirdi, emma bu gözegçilik edip bolýan pandemiýadyr. Koronawirus (COVID-19) iň soňky açylan koronawirus zerarly geçýän ýokanç keseldir.
BMG gullugyna ýolbaşçylyk edýän doktor Tedros Adhanom Gebreýesus öz çykyşynda "Men bir zady bellemekçi: bu keseli pandemiýa diýip häsiýetlendirmek ýurtlaryň oňa boýun synmalydygyny aňlatmaýar" – diýip belledi.
BMG-niň Baş sekretary ähli ýurtlary öz ýagdaýlaryna laýyklykda merkezleşdirilen ýagdaýda giňişleýin çemeleşmäni ýola goýmaga çagyrdy. COVID-19 müňlerçe adama täsir edýär, ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlaryna hem öz täsirini ýetirýär we giňden ýaýran durmuş we ykdysady netijelere sebäp bolýar. BMG ösüş boýunça işleýän guramalar, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Topary ýurtlara taýýarlyk we hereket ediş meýilnamalaryny taýýarlamaga goldaw berýär.
Bu sahypa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) we Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) häzirki wagtda täze koronawirus (COVID-19) keseliniň ýaýramagy bilen baglanyşykly maglumat çeşmelerini we görkezmeleri özünde saklaýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy keseliň ýaýramagyny yzarlamak we ýurtlara we şahsyýetlere saglygy goramak hem-de bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler barada görkezmeleri bermek ugrunda global hünärmenler, hökümetler we hyzmatdaşlar bilen ýakyndan işleşýär.
Iň täze maglumatlar üçin aşakdaky web-sahypalaryna girip görmegiňizi haýyş edýäris: