Press reliz

COVID-19: Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasy, UNICEF we BSGG çagalary goramak we mekdepleriň işini howpsuz ýagdaýda üpjün etmek ugrunda gollanmany işläp düzýär

10 mart 2020

  • Gollanmada dolandyryjylar, mugallymlar, ene-atalar we çagalar üçin amaly çäreler we barlag soraglarynyň sanawlary saklanýar

 

Çagalary we mekdepleri COVID-19 wirusyndan goramak boýunça bilelikdäki gollanmany şu salgyda ýükläp bolar: https://uni.cf/33hxaSd

 

ŽENEWA/NÝU ÝORK, 2020-nji ýylyň 10-njy marty – Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasy (IFRC), UNICEF we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy şu gün çagalary we mekdepleri COVID-19 wirusynyň ýaýramagyndan goramak ugrunda täze gollanma çykardy. Gollanma mekdepleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhüm pikirleri we amaly gözegçilik sanawlaryny özünde saklaýar. Şeýle hem, bu gollanma milli we ýerli häkimiýetlere okuw jaýlary üçin adatdan daşary ýagdaýlar boýunça meýilnamalary nädip uýgunlaşdyrmalydygy we durmuşa geçirmelidigi barada maslahat berýär.

Mekdep ýapylan halatynda, gollanma çagalaryň okuwyna we abadançylygyna ýetip biljek ýaramaz täsirleri azaltmak boýunça teklipleri öz içine alýar. Bu hem onlaýn bilim strategiýalary we akademiki maglumatyň radio ýaýlymlary ýaly uzakdan okamak mümkinçiliklerini we ähli çagalar üçin möhüm hyzmatlara elýeterliligi öz içine alýan okuwyň dowamlylygyny üpjün etmek ugrunda berk meýilnamalaryň bolmagyny aňladýar. Bu meýilnamalar mekdepleriň howpsuz açylmagy üçin zerur çäreleri hem öz içine almalydyr.



Mekdepler açyk bolan ýerleri üçin, şeýle-de çagalaryň we maşgalalarynyň goralmagyny we habarly bolmagyny üpjün etmek üçin, gollanmada aşakdakylar talap edilýär:

  • Çagalara özlerini nädip goramalydygy barada maglumat bermek;
  • El ýuwmak we arassaçylyk usullaryny öňe sürmek hem-de arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün etmek;
  • Mekdep binalaryny, esasan hem suw we arassaçylyk desgalaryny arassalamak we dezinfeksiýa etmek; we
  • Howa akymyny we howa çalşygyny ýokarlandyrmak.

Gollanma COVID-19 wirusynyň ýaýrandygyny eýýäm tassyklan ýurtlara degişli bolsa-da, ol beýleki ähli ugurlarda hem möhümdir. Bu barada bilim mekdep okuwçylaryny wiruslaryň ýaýramagynyň öňüni almak barada başgalar bilen gürleşip, öýde, mekdepde we jemgyýetde keseliň öňüni almaga we gözegçilikde saklamaga goşant goşmaga höweslendirip biler. Mekdepdäki howpsuz amallary dowam etdirmek ýa-da ýapylandan soň mekdepleri açmak köp faktorlaryň hasaba alynmagyny talap edýär, emma ähli zat talabalaýyk edilse, bu jemgyýetiň saglygynyň gowulandyrylmagyna ýardam berip biler.

Mysal üçin, 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Ebola wirusy ýaýran döwürde Gwineýada, Liberiýada we Sierra Leonda durmuşa geçirilen howpsuz mekdep görkezmeleri wirusyň mekdepde ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam berdi.



UNICEF açyk mekdepleri, şeýle-de uzakdan okamak arkaly okuwçylara ýardam berýän mekdepleri okuwçylara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge çagyrýar. Mekdepler çagalara el ýuwmak we özlerini we maşgalalaryny goramak ugrunda möhüm çäreler barada maglumaty bermeli; akyl saglygyna goldaw bermek babatda ýardam bermeli; şeýle-de okuwçylary birek-birege hoşniýetli bolmaga höweslendirmeli we wirus hakda gürrüň edilende, stereotiplerden gaça durmak arkaly kemsidilmäniň we diskriminasiýanyň öňüni almaga kömek etmeli.  



Ondan başga-da, täze gollanmada ene-atalar we terbiýeçiler, şeýle-de çagalar we okuwçylar üçin peýdaly maslahatlar we barlag soraglarynyň sanawlary saklanýar. Bu hereketlere aşakdakylar degişli:

  • Çagalaryň saglygyna gözegçilik etmek we syrkaw bolan ýagdaýda, olary mekdepden uzakda saklamak;
  • Çagalary sorag bermäge we aladalaryny beýan etmäge höweslendirmek; we
  • Elýaglyga ýa-da tirsege üsgürmek ýa-da asgyrmak, şeýle-de ýüzüňe, gözüňe, agzyňa we burnuňa degmezlik.

     

###

UNICEF barada

UNICEF dünýäde iň kyn ýagdaýdaky çagalara kömek bermek üçin, iň meseleli ýerlerde işleýär. 190 ýany ýurtda we araçäkde işläp, biz çagalar üçin, ähli adamlar üçin gowy dünýäni gurmak ugrunda işleýäris.

UNICEF -e Twitter-de we Facebook-da ýazylyň. COVID-19 wirusy barada we çagalary hem-de maşgalalary goramagyň ýollary barada has giňişleýin maglumat üçin, şu web-sahypa giriň: www.unicef.org/coronavirus



IFRC barada

IFRC dünýädäki iň uly ynsanperwerlik ulgamy bolup, ol 192 sany Milli Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetlerini öz içine alýar we bütin dünýäde adamlary halas etmek we mertebäni ýokarlandyrmak ugrunda işleýär.

www.ifrc.org - Facebook - Twitter - YouTube

BSGG barada

COVID-19 wirusy barada täzelenen maglumat we koronawirusdan goranmak ugrunda jemgyýetçilik saglygy maslahatlary üçin, BSGG-a ýazylyň: Twitter, Facebook, Instagram, LinkedIn, TikTok, Pinterest, Snapchat, YouTube

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Christopher Tidey, UNICEF Nýu Ýork, +1 917 340 3017, ctidey@unicef.org

Laura Ngô-Fontaine, Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasy, + 41 22 730 4485, el tel. +41 79 570 4418, laura.ngofontaine@ifrc.org   

Tarik Jasarevic, BSGG, +41227915099, el tel. +41 79 367 6214, jasarevict@who.int      

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz