Press reliz

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanda ilkinji “Geliň ýaşyla büreneliň” başlangyjy bilen çykyş etdi.

22 aprel 2018

  • Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanda Halkara Ýer şarynyň gününi belläp geçdi we BMG-nyň işgärleriniň çagalarynyň gatnaşmagynda ilkinji “ýaşyl” başlangyjyny öňe sürdi.

Hereket ÝUNISEF agentliginiň ekologiýalaşma we elýeterlik gaznasynyň ýardamy bilen başlandy we ol BMG-nyň amallaryny dolandyryjy toparyna BMG-nyň jaýynda adamyň barlygyny duýujy görkezijileri we diod çyraly lampalary lýuminessent lampalarynyň ornuna goýmaga mümkinçilik berdi. Bu çäreler elektrik energiýasynyň sarp edilişini 20% kemeltmäge hem-de parnik gazlarynyň bölünip çykyp, BMG-nyň Aşgabatdaky binasynyň gurşawyna täsir etmegini peseltmäge mümkinçilik berer.

ÝUNISEF agentliginiň ýaşyllaşdyrma boýunça taslamasynyň dowamy hökmünde “Ýaşyllaşma” başlangyjyny has giň formata getirmek we Türkmenistandaky BMG-nyň ähli işgärlerini ekologiýa taýdan has arassa we netijeli amallary ýerine ýetirmäge çekmek, şeýle hem “Kemeltmek-gaýtadan ulanmak-utilizirlemek” düşünjesini girizmek boýunça çözgütler kabul edildi.

2018-nji ýylyň 18-nji aprelindäki şäher häkimliginiň mejlisi tebigaty goramak we ekologiýa taýdan özüňi arassa alyp barmak bilen bagly çäreleriniň möhümligine bagyşlanypdy. Bu hereketiň çäklerinde egin-eşikleri, kitaplary, oýnawaçlary we beýleki öý esbaplaryny ýygnamak üçin “Haýyr-sahabat draýwy” gurnaldy we ýygnalan zatlar ýerli hökümete degişli bolmadyk edaralaryň üsti bilen mätäçlik çekýän maşgalalara paýlanar; ýerli hususy kärhana bilen hyzmatdaşlykda BMG-nyň jaýynda kagyz ýygnamak we gaýtadan işlemek tejribesi hem guraldy.

22-nji apreldäki Ýer şarynyň gününe baglylykda bolsa, BMG-nyň işgärleri BMG-nyň jaýynyň töwerekleriniň arassalamak hem-de gülleri ekmek üçin güýçlerini ykjamlaşdyrdylar. Şol bir wagtyň özünde çagalar materiallary gaýtadan işlemek boýunça türgenleşik sapaklaryny geçdiler.

Türkmenistandaky BMG-nyň maşgalasynyň pikirine görä, bu ilkinji ädimler daşky gurşawa ýetirilýän täsiri kemeltmäge hem-de özleriniň durnukly ösüş maksatlaryna wepalydygyny ýene bir gezek görkezmäge ýardam eder. Bu wakalar işgärleri hem-de olaryň çagalaryny daşky gurşawy goramagyň zerurlygy hakyndaky bilimlerini artdyryp, ekologiýa taýdan arassa ösüşe höweslendirdi.

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz