BMG-niň nobatdaky Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
18 awgust 2017
- Türkmenistan energiýa çeşmeleriň we energiýa geçirijileri üpjün etmegiň diwersifikasiýasy üçin zerur bolan guramaçylyk, hukuk, ykdysady, tehniki we beýleki şertleri döretmäge işjeň gatnaşar.
Birleşen milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 72-nji sessiýasy ýene birnäçe hepdeden başlanar. Däp bolşy ýaly, bu möhüm halkara wakanyň öň ýanynda Türkmenistan ýetip gelýän syýasy çärede özüniň ileri tutýan garaýyşlaryny öňe sürer.
Häzirki zaman dünýäsiniň ösüş bilen baglanyşykly meseleleri bilen bilelikde iş salyşmaga taýýarlyk türkmen diplomatiýasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Bu taýýarlyk halkara giňişliginde uly hormata eýe bolup, ol bitarap döwletimiziň BMG-niň ygtybarly agzasy hökmünde barha ýokarlanýan abraýyny şöhlelendirýär.
Türkmenistanyň dünýä parahatçylygyny, howpsuzlygy we durnuklylygy tutanýerli we gyşarnyksyz ýagdaýda berjaý etmäge bolan wepalylygy Baş Assambleýanyň 72-nji sessiýasynyň dowamynda döwletiň işjeňliginiň esasy ugrydyr. Bu işde Türkmenistan özüniň daşary syýasatynyň strategik ugry bolan Birleşen milletler guramasy bilen giň göwrümli hyzmatdaşlyga bil baglar.
Terrorçylyga garşy durmak boýunça hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk dowam eder. Türkmenistan 2017-nji ýylyň iýun aýynyň 13-ne BMG-niň Baş Sekretarynyň baştutanlyk etmeginde Aşgabatda geçirilen BMG-niň Terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýasyny Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa bilen BMG-niň arasynda geçirilen ýokary derejeli resmi däl gepleşigiň netijesinde kabul edilen Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bu düzüm bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýar.
Türkmenistanda öňüni alyş diplomatiýasy gapmy-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almakda, bu ýagdaýlaryň sebäplerini ýok etmekde, ýurtlaryň arasynda özara ynama esaslanan gatnaşyklary döretmekde, döwletiň syýasy, diplomatik, ykdysady, jemgyýetçilik, daşky gurşawy goramak we beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri döretmekde möhüm orny eýeleýär. Onuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada ýokarda agzalan maksatlara ýetmekde Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň möhümligi has artýar, biziň ýurdumyz bolsa Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda öňüni alyş diplomatiýasynyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy meseleleri çözmegiň mehanizmleri boýunça Rezolýusiýany işläp düzmek we kabul etmek mümkinçiligini gözden geçirmegi teklip edýär.
Häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýlaryny hasaba alyp, onuň ösüşiniň maglumat we tehnologiýalar ulgamlarynda gazanylan üstünliklere baglydygyny görüp bolýar. Şeýlelikde, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň dowamynda bütin dünýäde kiber howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine çemeleşmegi we dünýä jemgyýetine bu mesele boýunça hereketleri işjeňleşdirmegi teklip etmegi maksadalaýyk hasaplaýar.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk berkitmek döwletimiziň halkara giňişliginde alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugruna öwrüler. 2015-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri bu ugurda BMG bilen bilelikde netijeli işi alyp barmak we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli mehanizmi işläp düzmek bilen, 72-nji sessiýanyň dowamynda Türkmenistan “Durnukly we güýçli jemgyýete tarap özgertmeler” ady bilen 2018-nji ýylda geçiriljek ýokary derejeli syýasy forumyň mümkinçiliklerini ulanmagy maksadalaýyk hasaplaýar. Durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ugry bolan sportuň möhümligi barada aýratyn belläp, döwletimiz ösüş we parahatçylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegi, adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmegi, saglygy goraýyş, bilim, jemgyýet goraglylygy we beýleki ugurlar boýunça meseleleri çözmegi maksat edinýän sport boýunça halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge bolan islegini ýene bir gezek tassyklaýar.
Bu maksatlara eýerip we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edilen “2017-nji ýylyň Aziýa oýunlary: Parahatçylyk we ösüş üçin halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara Sport kongresiniň Jemleýji jarnamasyna bil baglap, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň saýasynda Ministrleriň hem-de ýurtda bedenterbiýe we sport boýunça öňdebaryjy işgärleriň 7-nji halkara maslahatyny guramak baradaky teklibini tassyklady. Belli bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň 25-ne kabul edilen “Dünýäni özgertmek: Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi” atly Rezolýusiýasynyň düzgünlerine doly derejede eýermek bilen we adamlaryň hem-de jemgyýetiň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde sportuň goşýan goşandyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 17-27-si aralygynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bosgunlaryň olimpiýa toparynyň gatnaşmagyna ýardam berdi. Onuň bilen baglylykda, BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 2017-nji ýylyň Ženewa şäherinde geçirilen 36-njy sessiýasyna laýyklykda, ýurdumyz bosgunlaryň olimpiýa toparynyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde gymmatly goşandyny ykrar etmek boýunça resminamany kabul etmegi teklip edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmen diplomatiýasynyň işjeňliginde ulag ulgamyna aýratyn üns berler.
Ýurdumyz halkara ulag we tranzit geçelgeleriniň täze desgalaryny gurmak we öň bar bolan desgalaryny gowulandyrmak boýunça dünýä jemgyýeti tarapyndan kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmäge işjeň ýagdaýda goldaw bermegini dowam eder. Belli bolşy ýaly, BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty 2016-njy ýylyň noýabr aýynda geçirildi, onuň netijesinde bu ugurda halkara ulag we tranzit infrastrukturasynyň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek boýunça ýörelgeleriň esasynda halkara hyzmatdaşlygyň esasy görkezijilerini kesgitleýän Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Bu resminama salgylanyp, şeýle-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň dowamynda Baş Assambleýanyň “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin köpmodally ulag ulgamyny ösdürmek” atly Rezolýusiýasynyň işlenilip düzülmegine garamagy teklip etdi. Ondan başga-da, ýurdumyz ýakyn geljekde “Durnukly ulag ulgamy” ýylyny ykrar etmek mümkinçiligine BMG-niň derejesinde garamagy teklip edýär. Öňden dowam edişi ýaly, energiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk, energiýa çeşmelerinden durnukly hem-de adalatly ýagdaýda peýdalanmak mümkinçiliginiň üpjün edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ygtybarly we durnukly energiýa ulgamyny üpjün etmäge gönükdirilen rezolýusiýalarynyň düzgünlerine doly derejede eýermegini dowam eder, onuň bilen baglylykda ýurt ähli gyzyklanýan döwletler we halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özüniň taýýarlygyny tassyklar. Türkmenistan 2017-nji ýylda Halkara Energiýa hartiýasynyň maslahatyna baştutanlyk edýär. Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyz şu ýylyň dowamynda durnukly energiýa ulgamy boýunça halkara hukugyň täze mehanizmlerini işläp düzmek prosesini işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň birnäçesini durmuşa geçirýär. Bu babatda Türkmenistan energiýa howpsuzlygy boýunça köptaraply resminamalary işläp düzmek hem-de durnukly energiýa ulgamyny döretmek üçin halkara hünärmenler toparynyň işine eýerýändigini tassyklaýar. Şol bir wagtda, Türkmenistan energiýa çeşmeleri we energiýa geçirijileri üpjün etmegiň diwersifikasiýasy üçin zerur bolan guramaçylyk, hukuk, ykdysady, tehniki we beýleki şertleri döretmäge işjeň gatnaşar. Energiýanyň netijeliligini we onuň goralmagyny üpjün etmekde döwletleriň we halkara edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi dünýä jemgyýetiniň işlerinde ileri tutulýan meseleleriň biridir. Onuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda ýurdumyz BMG-niň saýasynda geçirilen energiýa bilen baglanyşykly halkara maslahatlaryň we duşuşyklaryň netijelerini we maslahatlaryny jemlemek we olary Birleşen milletler guramasynyň geljekki degişli resminamalaryna girizmek maksady bilen bu işi başlamak meselesine garamagy teklip etdi. Daşky gurşawy goramak ugrunda halkara hyzmatdaşlyga goldaw bermek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň öňden gelýän häsiýetli aýratynlygydyr.
Döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň indiki sessiýasynyň dowamynda daşky gurşawy goramak, suw baýlyklaryndan peýdalanmak, şeýle-de tebigy we adam zerarly ýüze çykan betbagtçylyklaryň zyýanlaryny azaltmak boýunça möhüm meseleleri çözmek babatda halkara başlangyçlara işjeň ýagdaýda gatnaşar. Türkmenistanyň Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasyna (IFAS) baştutanlyk etmegini nazara alyp, ýurdumyz BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ýaly ýöriteleşdirilen halkara edaralaryň gatnaşmagynda 2018-nji ýylda Türkmenistanda IFAS gaznasyny esaslandyran döwletleriň baştutanlarynyň sammitini geçirmegi teklip etdi. Ondan başga-da, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Aral deňzi üçin ýöriteleşdirilen Daşky gurşawy goramak maksatnamasyny işläp düzmek maksady bilen, halkara hünärmenler toparyny döretmek boýunça pikiri gözden geçirmegi teklip edýär. Möhüm ynsanperwer meseleleri çözmekde halkara işleri güýçlendirmäge ýykgyn etmek bilen, Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça esasy konwensiýalaryny berjaý etmek, şeýle-de halkara ynsanperwer hukugyndan gelip çykýan borçlaryna eýermek boýunça amaly çäreleri durmuşa geçirmekde BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmak islegini tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň çäginde, ýurdumyz adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça BMG-niň halkara hukuk resminamalaryna laýyklykda kabul edilen milli hem-de sebitleýin maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ünsüni jemlär. Bu işde Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamany durmuşa geçirmek babatda BMG-niň gulluklary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun berler. Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, BMG-niň ynsanperwer ýörelgelerini we pikirlerini tassyklamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen zerur bolan ähli işleri etmäge bolan jogäpkärçiliginiň we taýýarlygynyň ýene bir subutnamasydyr.