Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak barada hökümetara komitetiniň 12-nji sessiýasy 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-9-y aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çedžudo adalarynda geçirildi.
Duşuşygyň dördünji gününde Türkmenistanyň Küştdepdi aýdym-saz we tans sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Şu ýyl komitet Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin medeni mirasyň 34 sany nusgasyna, şol sanda howp astynda bolan medeni miras boýunça halkara hyzmatdaşlygy we goldawy birleşdirmäge gönükdirilen hem-de tiz ýagdaýda gorag astynda alynmaly maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin medeni mirasyň 6 sany nusgasyna garady.
Ondan başga-da, komitet goralyp saklanýan tejribäni hasaba almagyň hem-de gorap saklamagyň meýilnamalary we sanawnamalary boýunça halkara kömegi bilen baglanyşykly iki sany teklibe garady.
Has giňişleýin maglumat üçin, şu web-sahypa girmegiňizi haýyş edýäris: https://ich.unesco.org/en/