BMG-nyň Ösüş maksatnamasy 15-nji “Ýerde ýaşaýyş” DÖM kabul etmek boýunça Türkmenistanda milli konsultasiýa başlady.
Ýaşamak üçin hem-de ýaşaýyş serişdeleriniň bolmagy üçin adamyň durmuşy Ýere hem-de ummana bagly bolup durýar. Ösümlik dünýäsi adamlaryň iýmitiniň 80 göterimini üpjün edýär, hem-de biz möhüm ykdysady çeşme we ösüş serişdesi hökümnde oba-hojalyga hem bil baglaýarys. Tokaýlar Ýer tekizliginiň 30 göterimi düzýärler we müňlerçe görnüşler üçin ýaşaýyş şertlerini, arassa howa we suw çeşmelerini üpjün edýärler; şeýle hem tokaýlar howanyň üýtgemegine garşy göreşde aýgytly orun tutýarlar.
Häzirki wagtda biz ýerleriň degradasiýasyny taryhy görkezijiler bilen deňeşdirilende ekerançylyk meýdanlarynyň 30-35 esse azalýandygyny görýäris. Guraklaşma we çölleşme hem ýyl-ýyldan artýar, bu bolsa 12 million gektar töweregi ýerleriň ýitirilmegine we bütin dünýä boýunça garyp obşinalara täsir edýär. Haýwanlaryň mälim bolan 8300 görnüşinden 8 göterimi ýitip gitdi, 22 göterimine bolsa ýitip gitmek howpy abanýar”.
10 sany ministrligiň we edaralaryň wekilleri 15-nji maksada ýetmegiň 12 görnüşini hem-de olaryň Türkmenistan üçin aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Birinji konsultasiýanyň gatnaşyjylary 10 maksady ylalaşdylar, 7 täze ýa-da goşmaça maksatlary hödürlediler we 5 maksady togtatdylar.
Hususan-da, gatnaşyjylar hödürlenýän görkezijilerde şöhlelendirilmedik çölleşme we topragyň şorlaşmagy bolan meseleleri hem belläp geçdiler. Şonuň üçin täze maksady girizmek ýa-da laýyk gelýän ýerinde öňküleriniň biriniň düzülişini üýtgetmek hödürlendi. Şeýle hem degradirlenen tokaýlaryň görkezijilerini hem girizmek hödürlendi.
Gatnaşyjylar şeýle hem anyk milli maksatnamalary we strategiýalary hödürläp, olar hem degişli görkezijilerine girizilip bilýär.