Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlary boýunça bu günki milli konsultasiýalar 13-nji “Howanyň üýtgemegine garşy göreş” maksady öz içine aldy. Konsultasiýalar BMGÖM hem-de Daşky gurşawy we ýer çeşmelerini goramak boýunça Türkmenistanyň döwlet komiteti bilen bilelikde geçirildi. Bu maksat howanyň üýtgemegi hem-de onuň netijelerine garşy göreş boýunça gaýrygoýulmasyz çäreleriň görülmegini öz içine alýar.
“Häzirki wagtda dünýäde howanyň üýtgemeginiň netijelerini görmeýän ýurt ýok. Parnik gazlarynyň bölünip çykmagy ýokarlanmagyny dowam edýär we häzirki wagtda onuň derejesi 1990-njy ýyldakydan 50 göterim ýokarydyr. Mundan başga-da, global ýylama biziň howa ulgamymyzyň uzak möhletleýin üýtgemegine getirýär, bu bolsa çäre görülmese, yzyna gaýtaryp bolmajak netijelere getirip biler.
Ýer titremelerinden, sunamilerden, tropiki siklonlardan we suwuň almalarynda ortaça ýyllyk ýitgiler ýüzlerçe milliardlar amerikan dollaryna barabar bolup durýar. Bu bolsa tebigy heläkçilikleri dolandyrmak üçin ýylda 6 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýumlaryny talap edýär.
Maksat ösüp barýan ýurtlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak hem-de howa bilen bagly tebigy heläkçilikleriň netijelerini ýumşatmak üçin 2020-nji ýyla çenli her ýyl 100 milliard amerikan dollaryny mobilizirlemek bolup durýar”.
Dokuz töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 13-nji maksat üçin ýedi global wezipeleri hem-de ýedi görkezijini we olaryň Türkmenistan üçin olaryň aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu günki konsultasiýalara gatnaşyjylar global derejede bäş wezipäniň üçüsini hem-de ýedi görkezijiniň bäşisini kabul etmek boýunça ylalaşdylar. Global wezipeleriň biri soňlugy bilen anyklanar. Görkezijileriň üçüsi bolsa Türkmenistan üçin üýtgedildi.
Howanyň üýtgemegi Türkmenistan üçin ileri tutulýan meseleleriň biri bolup durýar. Has köp üns çeken wezipeler howa meselelerini ösüşi meýilleşdirmege girizmek meselesi bolup durýar. Şonuň üçin gatnaşyjylar 2016-2020-nji ýyllar üçin Uýgunlaşmak we netijeleri ýumşatmak boýunça hereketleriň milli ykdysady maksatnamasynyň tassyklanmasynyň zerurlygy bilen ylalaşdylar