Press reliz

6-njy gün: DÖM boýunça konsultasiýalarda 4-nji “Ýokary hilli bilim” maksady ara alnyp maslahatlaşyldy

11 mart 2016

  • Talyp haklarynyň köpeldilmegi talyplar üçin köp mümkinçilikleri döreder

Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) 4-nji “Ýokary hilli bilim we hemmelere bilim almak üçin mümkinçilikleri döretmek” maksady boýunça şu günki konsultasiýa ÝUNISEF, Türkmenistanyň bilim ministrligi we ÝUNESKO-nyň Eýranyň Tähran şäherinde ýerleşýän sebitleýin bölüminiň wekilleri tarapyndan gurnaldy. Maslahata ÝUNFPA, BMGÖM, BSG we “BMG-nyň zenanlary” ýaly guramalar hem gatnaşdylar. Maksat şulary öz içine alýar: “2000-nji ýyldan bäri umumy başlangyç bilim ugrunda örän uly ösüşlere ýetildi. Ösüp barýan sebitlerde okuwa girmegiň umumy görkezijisi 2015-nji ýylda 91 göterime deň boldy, mekdebe gatnamaýan çagalaryň sany bolsa iki esse diýen ýaly azaldy.

Şeýle hem sowatlylyk derejesini dessine ýokarlanmagy, hem-de gyzlaryň öňkülerden has köp mekdebe gatnaýandygy bellenip geçildi. Bu örän gowy netije.

Ösüş şeýle hem ösüp barýan ýurtlarda garyplyk, ýaragly konfliktler we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar zerarly meselelere duş geldi.

Günbatar Aziýada we Demirgazyk Afrikada dowam edýän ýaragly konflikt mekdebe gatnamaýan çagalaryň sanynyň köpelmegine getirdi. Bu örän howsalaly ýagdaý.

Ähli ösüp barýan sebitleriň arasynda Saharadan günortadaky Afrika ýurtlary başlangyç bilim boýunça has ýokary ösüşlere ýeten bolsa hem (1990-njy ýylda 52%, 2012-nji ýylda 78%), ähmiýetli tapawutlar häzir hem bar. Iň garyp maşgalalaryň çagalary baý maşgalalaryň çagalary bilen deňeşdirilende mekdebe dört esse az gatnaýarlar. Oba ýerleri bilen şäherleriň arasyndaky tapawut hem ýokary bolup galýar”.

Bäş töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 4-nji maksat üçin on wezipäni hem-de Türkmenistan üçin olaryň aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu günki konsultasiýalaryň gatnaşyjylary 10 global wezipeleri kabul etmek boýunça ylalaşdylar. 11 görkezijiniň ýedisi üýtgewsiz galdy, dördüsi bolsa ýerli şertleri göz öňünde tutmak bilen üýtgedildi, şeýle hem bir sany milli görkeziji işlenilip düzüldi. Soňlugy bilen anyklanmaga degişli görkeziji galmady.

Konsiltasiýada ara alnyp maslahatlaşylan komponentleriň biri tehniki we kompýuter bilimleri bolan adamlaryň sanynyň köpeldilmeginiň zerurlygy bolup durýar. Bu bilimler işli bolmak mümkinçiligini ýokarlandyrýar. Şonuň üçin hem ýurtda adam çeşmelerini ösdürmek boýunça strategiýany işläp düzmek maslahat berilýär.

Mundan başga-da, ortaçadan ýokary girdejili ýurt üçin daşary ýurtly talyplara berilýän talyp haklara boýunça maksatnamalary işläp düzmek gerek. Türkmenistanda Owganystanly we Täjigistanly talyplar üçin maksatnamalar bar. Talyp haklarynyň köpeldilmegi talyplar üçin köp mümkinçilikleri döreder.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz