2-nji “Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny gazanmak we durnukly oba hojalygyna ýardam bermek” maksady bü gün BMGÖM we Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministrligi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Maksat şu aşakdakylary öz içine alýar,
“Soňky iki onýyllygyň dowamynda tiz ykdysady ösüş we oba hojalygyň öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy açlykdan ejir çekýänleriň sanyny iki esse azaltdy.
Ozal açlykdan ejir çekýän ösüp barýan ýurtlaryň köpüsi indi açlykdan ejir çekýänlerini kanagatlandyryp bilýärler. Merkezi we Gündogar Aziýa, Latyn Amerika we Karib basseýni açlygy aradan aýyrmakda uly üstünlikleri gazndylar.
Bularyň ählisi Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda möhüm üstünlikler bolup durýar.
Gynansak-da, köp ýurtlarda açlyk ösüşiň ýolunda örän uly päsgelçilik bolup durýar. 2014-nji ýyldaky ýagdaýy boýunça bahalandyrmalara görä, 795 million adam ýeterlik iýip-içmeýärler. Bu hem daşky gurşawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň, guraklygyň we bioköpdürliligiň ýitirilmeginiň netijeleri bilen bagly bolup durýar. Bäş ýaşa çenli çagalaryň 90 milliondan gowragy ýeterlik agram alyp bilmeýärler. Afrikada bolsa her dördünji çaga açlykdan ejir çekýär”.
13 töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 2-nji maksat üçin hödürlenen sekiz wezipäni hem-de Türkmenistan üçin olaryň aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu günki konsultasiýalaryň gatnaşyjylary bäş wezipäni üýtgewsiz kabul etmek hem-de olaryň biriniz üýtgetmek boýunça ylalaşdylar. Kabul edilen wezipeleriň umumy sany – alty. 14 görkezijiniň ýedisi üýtgewsiz kabul edildi. Olaryň üçüsi ýerli şertlere görä düzedildi we bir sany milli görkeziji işlenilip düzüldi.
Maslahat açlygyň köp jähtlerini we oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmegi öz içine aldy. Ýurtda ösümlikleri bankyny ösdürmek üçin binýat bolsa-da, ýurda tohumlaryň we medeni ösümlikleriň genetiki köpdürlüligi bolmagy üçin hünär derejeli seleksionerler gerek.