Press reliz

15-nji gün: DÖM boýunça konsultasiýalar 10-njy “Deňsizligiň azaldylmagy” maksadyna bagyşlandy

25 mart 2016

  • Gatnaşyjylar alty global wezipäni bolşy ýaly kabul etmek we üçüsini üýtgetmek boýunça ylalaşdylar.

Migrasiýa boýunça halkara guramanyň we Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan geçirilen DÖM boýunça konsultasiýalarda 10-njy “Ýurtlaryň içinde we ýurtlaryň arasynda deňsizligiň azaldylmagy” maksady ara alnyp maslahatlaşyldy. Konsultasiýalar BMGÖM-nyň, Bütindünýä bankynyň, ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA guramasynyň goldamagy bilen geçirildi. Maksatlar şu aşakdakylary öz içine alýar,

“Girdejiler boýunça deňsizligiň artýanlygy doly resmileşdirildi. Iň baýlaryň 10 göterimi bütin dünýä girdejileriniň jemi 40 göterimini gazanýarlar. Iň garyp 10 göterimi bolsa, umumy dünýä girdejisiniň jemi 2-7 göterimini gazanýar. Ösüp barýan ýurtlarda ilatyň ösüşini göz öňünde tutsak, deňsizlik 11 göterim artdy.

Bu ösüp barýan deňsizlik hereketlere çagyryş bolup durýar. Ol çagyryş girdeji alyjylaryň iň az göterimi üçin akylly-başly syýasatyň kabul edilmegini we jynsyna, rasasyna we medeni gelip çykyşyna garamazdan hemmeler üçin ykdysady goşulyşma ýardam bermek mümkinçilikleriniň giňeldilmegini talap edýär.

Girdejileriň deňsizligi global çözgütleri talap edýän global mesele bolup durýar. Ol maliýe bazarlarynyň we edaralarynyň kadalaşdyrylmagynyň we monitoriginiň kämilleşdirilmegini, ösüş maksatlary bilen kömekleri höweslendirmegi, iň zerur ýerlerinde daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini öz içine alýar. Adamlaryň howpsuz migrasiýasyna we mobilligine ýardam bermek hem ulalyp barýan aralygy gysgaltmagyň açary bolup durýar”.

12 töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 10-njy maksada ýetmegiň on wezipesini hem-de olaryň Türkmenistan üçin aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu günki konsultasiýalaryň wekilleri alty wezipäni bolşy ýaly kabul etmek hem-de üçüsini üýtgetmek boýunça ylalaşdylar. 11 görkezijiniň bäşisi üýtgewsiz kabul edildi. Dört sany milli görkeziji işlenip düzüldi.

Pes girdejili ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak, deň mümkinçilikler, netijede deňsizligi azaltmak, degişli kanunçylygy, syýasaty we hereketleri kämilleşdirmek temalary gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Gowy dolandyrylýan migrasiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegi hem üns merkezinde boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we talyp haklarynyň her ýyl 10% ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şeýle hem bolsa, gatnaşyjylar ilatyň aşaky 40 göterimi bolan maksatlaýyn topara gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň taýýarlanmagynyň zerurlygyny belläp geçdiler.

Topar şeýle hem ýurduň ykdysady ösüşine ýardam edýän howpsuz migrasiýanyň we adamlaryň mobilliginiň üpjün edilmegi üçin gowy dolandyrylýan migrasiýa syýasatynyň wajyplygyny ýene bir ýola bellediler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz