Press reliz

Meýletin milli syny taýýarlamagyň möhletlerini bellemek

19 dekabr 2018

  • Durnukly ösüş maksatlary boýunça Döwlet iş topary Türkmenistanda 2030-njy ýylda çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde gazanylan öňegidişlikler barada Meýletin milli syny taýýarlamak boýunça galan işleri meýilleşdirmek boýunça nobatdaky duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyga BMG-niň ýurt boýunça topary çagyryldy. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa hasabatyň düzümi bilen tanyşdyrdy we syny taýýarlamagyň möhletini teklip etdi. Ol synyň gazanylan netijeleriniň Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde goşan goşandyny şöhlelendirmelidigini belledi we Gün tertibiniň esasy ýörelgesini, ýagny “ähli adamlar üçin durnukly ösüşi üpjün etmek” ýörelgesini durmuşa geçirmek üçin işiň haýsy ugurlarynyň berkidilmelidigi barada maglumat berdi.  

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň umumy platformasyny döretmek barada köpsanly döwlet edaralaryny, BMG-niň gulluklaryny öz içine alýan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikdäki taslamanyň esasy ugurlary bellenilip, amala aşyrylan bilelikdäki işleriň netijeleri barada gatnaşyjylara habar berildi.   

Duşuşygyň netijesinde, gatnaşyjylar hasabat beriş prosesine dürli taraplary, şol sanda ýaşlary, hökümete degişli bolmadyk guramalary we hususy sektory çekmek hakynda ylalaşdy. Bu barada jikme-jik meýilnama görkezildi. Gatnaşyjylar hasabatyň taslamasyny kabul etmek üçin indiki gezek duşuşmaga razylaşdy.   

Sofiya Yuvshanova

Sofiya Yuvshanova

RCO
Monitoring and Evaluation Specialist

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz