Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Meredow we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym E. Panowa tarapyndan bilelikde ýolbaşçylyk edilen ýygnak BMGÖM-iň, UNICEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BSGG-niň, şeýle-de Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň (ADB) we Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň (EBRD) ýurt boýunça müdirlerini bir ýere jemledi.
Duşuşyk CPRP we SERP meýilnamalaryň çägindäki meýilleşdirilýän çäreleriň ýerine ýetirilişi barada yzygiderli maglumat alyş-çalşygyny goşmak bilen iki meýilnamany doly durmuşa geçirmek üçin zerur maglumatlary almak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdy.
Gatnaşanlar iki milli meýilnamanyň çäginde ylalaşylan işleriň gidişini üpjün etmek üçin kärdeşleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň zerurdygyny bellediler.
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa:
“Hakyky we ygtybarly maglumatlaryň elýeterliligi pandemiýanyň ýurtda, şol sanda makroykdysady ýagdaýa we dürli ilat toparlaryna edýän täsirine düşünmek üçin möhüm şertdir” – diýip nygtady.
Ösüş hyzmatdaşlary bilen milli pudak ministrlikleriniň arasynda yzygiderli maglumat alyş-çalyş ýygnaklaryny noýabr aýynyň başynda dowam etdirmek barada ylalaşyga gelindi. Bu ýygnaklarda CPRP we SERP meýilnamalaryny durmuşa geçirmekdäki öňegidişlik we kynçylyklar gözden geçiriler.