Press reliz

BMG saglygy goraýyş boýunça döwlet görkezijilerini 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi bilen sazlaşdyrmakda Türkmenistana goldaw berýär

15 fewral 2019

  • Saglygy goraýyş boýunça döwlet görkezijilerini Durnukly ösüşiň saglygy goraýyş we abadançylyk boýunça 3-nji maksady bilen sazlaşdyrmak barada tehniki duşuşyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde guraldy.

Saglygy goraýyş boýunça döwlet görkezijilerini halkara usulyýeti bilen sazlaşdyrmak Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde gazanylan netijelere gözegçilik etmäge we olar barada hasabat bermäge ýardam berer.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Statistika boýunça bölüminiň başlygy Bahar Agaýewa iş duşuşygynyň geçirilmegine ýardam berdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistandaky BMG-niň Ilat gaznasynyň we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlarynyň eneleriň ölüm derejesi, tejribeli saglyk işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen çaga dogruşlaryň möçberi, maşgalany meýilleşdirmek boýunça zerurlyklaryny häzirki zaman usullary bilen kanagatlandyrýan reproduktiw ýaşly (15-49 ýaşly) zenanlaryň sany hem-de ýetginjekleriň arasynda çaga dogruşyň derejesi baradaky meta-maglumatynyň milli görkezijilerde ulanylmagy barada gürrüň etdi.   

Duşuşykda görkezijileriň we olaryň işleýşiniň biri-birine laýyk gelmegine garaldy, tehniki meseleler barada maglumat berildi, hasabat beriş işi kesgitlenildi we Durnukly ösüş maksatlarynyň saglyk bilen baglanyşykly ugurlarynyň esasynda maglumaty işlemek boýunça usuly gollanmasyny işläp düzmek ýaly esasy ugurlar ýüze çykaryldy.

Bu işlerden öň, BMG-niň Ilat gaznasy Durnukly ösüş maksatlarynyň reproduktiw hukuklary, eneleriň saglygy, gender deňligi we ösüş üçin maglumat bilen baglanyşykly görkezijilerine umumy baha beriş işini geçirdi. Bu görkezijiler BMG-niň Ilat gaznasynyň bütin dünýäde we Türkmenistanda ýerine ýetirýän işleri boýunça esasy resminama bolan Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň maksatnamasy tarapyndan öňe sürlen esasy meseleler bolupdy.  

“Saglygy goraýyş boýunça döwlet görkezijileriniň halkara derejesinde kabul edilen usulyýet bilen sazlaşygyny derňemegiň zerurlygy BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan geçirilen umumy baha beriş işiniň netijesinde edilen maslahatlaryň biri bolupdy” diýip, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekiliniň kömekçisi Baýramgül Garabaýewa aýtdy. Ol: “Hökümetiň maglumaty ýygnamagyň we ol barada hasabat bermegiň ulgamy bar, BMG-niň Ilat gaznasy bolsa bu ulgamy we milli potensialy kämilleşdirmäge hem-de olary halkara ülňüleri bilen sazlaşdyrmaga taýýar. Milli görkezijilerini Durnukly ösüş maksatlarynyň halkara meta-maglumaty bilen sazlaşdyrmagyň netijesinde ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gözegçilik etmegiň we ol barada hasabat bermegiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berer” diýip belledi.

Baha beriş işleri geçirilende, Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy bolup hyzmat edýän maglumaty derňemek we berkitmek işine jikme-jik baha bermäge we zenanlar bilen baglylykda maksatnamalaryň we syýasatlaryň işlenilip düzülmegine hem-de ilat we ösüş bilen baglanyşykly hereketleriň ýerine ýetirilmegine esasy üns berildi. Ondan başga-da, baha beriş işiniň netijesinde Durnukly ösüş maksatlary barada maglumaty we Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary boýunça ýurtda gazanylýan sepgitleri, şeýle-de maglumatyň elýeterliligi boýunça meseleleri we olaryň mümkin bolan çözgütlerini özünde saklaýan internet çeşmesini döretmek teklip edildi.  

Gender deňligi, bilim almakda deňlik we ösüş üçin maglumat babatda milli hyzmatdaşlar bilen tehniki duşuşyklaryň geçirilmegi dowam etdiriler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz