BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Milli dolandyryjy we utgaşdyryjy komitetine ýolbaşçylyk etdi. Komitet 18 sany döwlet ministrleriň orunbasarlaryndan we BMG-niň gulluklarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat bolup, onda 2018-nji ýylyň Netijeler boýunça toparlarynyň ýolbaşçylarynyň ýeten sepgitleri we ýüze çykan meseleler, şeýle-de bäş sany strategik ugur boýunça 2019-njy ýyl üçin tassyklanan meýilnamalar barada hasabatlar gözden geçirildi. Bu ugurlara hil boýunça maglumat we ösüşe gözegçilik etmek; ýokary hilli we hemmeler üçin açyk jemgyýetçilik hyzmatlary; daşky gurşaw durnuklylygy we energiýanyň netijeliligi; iş bilen üpjünçilik, ykdysady köpdürlilik we söwda; şeýle-de häkimiýet we hukugyň hökmürowanlygy degişli.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa gazanylan netijeler barada kanagatlylyk bilen belledi. 2018-nji ýylda ýetilen esasy sepgitlerden ol Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça maslahat barada, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini tizleşdirmek üçin platformanyň döredilmegi, adam hukuklary ugrunda gazanylan öňegidişlikler, esasan hem, Çagalar boýunça milli maksatnamasynyň kabul edilmegi we ýurtda hökümetiň BMG-niň maksatnamalaryny maliýeleşdirmek işiniň 5,5 million dollar möçberine çenli ösendigi barada belledi.