Press reliz

BMGÖM we Türkmenistanyň Hökümeti 2021-2025-nji ýyllar üçin täze maksatnamanyň hyzmatdaşlyk döwrüne gadam basdylar

11 dekabr 2020

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistan Hökümeti 2021-2025-nji ýyllar üçin täze maksatnamany girizýärler.

Şu gün, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli BMGÖM-niň hemişelik wekiliniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Hanym Natia Natswlişwili we Wise-premýer, Daşary işler ministri Jenap Raşid Meredow taraplara 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek we maliýeleşdirmek üçin mümkinçilik döretjek BMGÖM-niň we Türkmenistan hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler.

Ondan öň, indiki bäş ýyllyk maksatnama döwründe durmuşa geçiriljek, dürli döwlet edaralary bilen birnäçe täze taslamalaryň başlanmagyna itergi beren gol çekmek dabaralary boldy.

“2020-nji ýyl, bütin dünýäde ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan, BMGÖM üçin diýseň möhüm boldy. Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde biz maksatnama döwrüni tamamladyk, tejribelerimiz we alan sapaklarymyz barada pikirlenip, öňümizdäki bäş ýyl üçin täze strategiki hyzmatdaşlygymyzy meýilleşdirdik. Biz Türkmenistan hökümetiniň BMGÖM-niň maksatnamalaryny we Türkmenistanda DÖM-nyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermek üçin döredilen dürli taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça berýän goldawynyň we ynamynyň ýokarlanýandygyna buýsanýarys" - diýip BMGÖM-niň hemişelik wekiliniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Hanym Natia Natswlişwili aýtdy.

Täze hyzmatdaşlyk döwrüniň özeni hökmünde hyzmat edýän 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy BMGÖM-iň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 3-ne tassyklandy. Täze hyzmatdaşlyk şertnamasy aşakdaky ileri tutulýan ugurlardan ybaratdyr:

  • Halkara ülňülerine we Türkmenistanyň kanunçylyk, adam hukuklary we jyns deňligi ýaly ugurlarda borçnamalaryna esaslanyp, döwleti has netijeli we aç-açan dolandyrmak maksady bilen dolandyryş boýunça özgertmeleri amala aşyrmak;
  • Ykdysadyýetiň uglewodorod däl serişdeleriniň pudaklarynda ykdysady ösüşi we has gowy durmuşy, hususy pudagyň bäsdeşlik ukybyny we söwdasyny ýokarlandyrmagy, sanlaşdyrmagy, innowasion we işjeň bank işini, şeýle hem iş orunlaryny üpjün etmek üçin, şol sanda hem sosial hyzmatlaryny, syýasy we kadalaşdyryjy özgertmeleri taslamak we durmuşa geçirmek;
  • Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň netijelerini azaltmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça täsirli çäreleri durmuşa geçirmäge Hökümete we beýleki hyzmatdaşlara goldaw bermek;
  • Inçekesele we beýleki ýokanç kesellere gözegçilik etmek, pandemiýalaryň öňüni almak we olara garşy jogaby pugtalandyrmak, ýokanç däl keselleriň bejeriş usullaryny ýokarlandyrmak we ejiz toparlar üçin sosial goraglylygy giňeltmek bilen has ýokary hilli we inklýuziw hyzmatlary üpjün etmek üçin saglygy goraýyş we sosial goraglylyk ulgamynyň işini pugtalandyrmak.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz