Press reliz

Türkmenistan immunizasiýanyň ýokary derejesini saklaýandygy üçin ÝUNISEF-iň gutlag hatyna mynasyp boldy

20 iýul 2019

Türkmenistanyň immunizasiýa pudagynda ýeten sepgitleri ÝUNISEF tarapyndan ýokary baha eýe boldy.

Şu gün başlanan halkara saglygy goraýyş maslahatynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýgand Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän milli immunizasiýa maksatnamasynyň çäginde immunizasiýanyň ýokary derejesiniň saklanylmagy üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine gutlag hatyny gowşurdy.

ÝUNISEF-iň wekili Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri jenap Nurmuhammet Amannepesowa gutlag hatyny gowşuryp, “Biz Türkmenistan döwletini şeýle ýetilen sepgit bilen gutlaýarys. Biz Türkmenistanyň çagalary üçin saglygy goraýyş, iýmitlenme we abadançylyk ugrunda uzakwagtlaýyn we netijeli hyzmatdaşlygymyzyň dowam etmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip aýtdy.

“Immunizasiýa keselleriň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagynyň esasy strategiýalarynyň biridir. Şu ýyllaryň dowamynda ÝUNISEF we BSSG bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde, şeýle-de çagalaryň immunizasiýasyny geçirýän ýörite taýýarlanan saglygy goraýyş işgärleriň, maşgala lukmanlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň üsti bilen bu barada maglumatyň giňden ýaýramagyny gazandyk” diýip, jenap Nurmuhammet Amannepesow aýtdy.  

2001-nji ýyldan bäri Hökümet ÝUNISEF-iň üsti bilen ähli waksinalaryň we waksinalar bilen baglanyşykly gurallaryň we enjamlaryň satyn alynmagyny doly derejede maliýeleşdirýär. Ondan başga-da, Hökümet waksinasiýanyň ýokary derejesini saklamak üçin, zerur bolan infrastrukturany we işgärleri üpjün etdi. 2016-2020-nji ýyllaryň dowamynda Hökümet waksinalaryň kömegi bilen öňüni alyp bolýan kesellere garşy waksinalary doly derejede üpjün etmek üçin 40 million amerikan dollary bölüp berdi. Ýaňy-ýakynda Hökümet rotawirusyň, pnewmokokk infeksiýasynyň we A gepatitiň garşysyna ýene üç sany waksinany satyn almak üçin goşmaça 17 million dollary bölüp berdi.      

Halkara saglygy goraýyş maslahatynyň çäginde, ÝUNISEF jemgyýetçilik saglygynda iýmitlenme meselesi boýunça ýygnagy geçirer we onda Fortifikasiýa üçin monitoring we gözegçilik ulgamyna (FORTIMAS) aýratyn üns berler. FORTIMAS – Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan doly derejede maliýeleşdirilýän unuň hilini gowulandyrmak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilişini we täsirini ýüze çykarmak üçin ilat derejesinde monitoring we gözegçilik boýunça maglumatlary ýygnamagyň ykdysady taýdan netijeli çeşmesidir.   

Girdejiniň derejesi ortaçadan ýokarda bolan döwlet hökmünde, Türkmenistan jemgyýetçilik saglygy goraýşy we çagalaryň saglygyny goramak pudagyna, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we potensialy ösdürmäge goýulýan maýa goýumlary goýmagyny dowam etse, onuň Durnukly ösüş boýunça köp maksatlara ýetmäge mümkinçiligi bolar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz