Ýokary derejedäki geçirilen çärä Türkmenistanyň hökümetiniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň, BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça edarasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň, BMG-niň ilat gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň, Halkara migrasiýa guramasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýat baradaky müdirliginiň we diplomatik jemgyýetiň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahat Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň ilat gaznasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisine BMG pasportlary bolan daşary ýurt raýatlary üçin Türkmenistana gelmegiň we ondan gitmegiň wizasyz tertibini girizilendigini tassyklaýan werbal notasyny gowşurmak dabaralary bilen başlady.
Maslahatyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli ýollan ýüzlenmesi gatnaşyjylara okaldy.
BMG-niň Baş sekretary gatnaşyjylara ýüzlenmesinde "Türkmenistan möhüm agza döwletdir we guramanyň goýan maksatlaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda hem sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmekde açyk we işjeň orun tutýar" - diýip aýtdy.
"Geçen ýyllarda Türkmenistan bilen BMG-niň ösüş boýunça hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin alyp barýan işlerine ep-esli goşant goşýan strategiki hyzmatdaşlygyna öwrüldi" - diýip, Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weýgand aýtdy.
BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça edarasynyň ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň, BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň sebit boýunça wekilleri, şeýle hem BMG-niň ilat gaznasynyň ýurt boýunça müdiri Hökümet bilen BMG-niň arasyndaky açyk hyzmatdaşlygy nygtap, Türkmenistanyň BMG-niň Tertipnamasyna we BMG-niň konwensiýalaryna laýyklykda kabul eden halkara borçnamalaryny berjaý etmeginiň möhümdigini aýtdylar.