Press reliz

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy ählihalk bag etmek dabarasyna bagyşlanyp geçirilen çärelere gatnaşdy

18 mart 2021

  • “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde, Aşgabat şäheriniň 21-nji, 53-nji orta mekdeplerinde we Aşgabat şäheriniň “Olimp” orta sport mekdebinde bag nahallaryny ekmek hem-de daşky gurşawy goramak boýunça mekdep okuwçylary üçin wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Bu çärelere taslamanyň hünärmenleri, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň işgärleri, mekdep ýolbaşçylary we mugallymlary şeýle hem ýokary synp okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Mekdepleriň çäklerinde bag nahallary ekildi hem-de daşky gurşawy goramak barada açyk sapaklar geçirildi. Açyk sapagyň dowamynda, mekdep okuwçylary bilen söhbetdeşlik geçirilip, daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly çemeleşmegiň we hemmeleriň Türkmenistanda geçirilýän tebigaty goramak çärelerine gatnaşmagynyň zerurlygy barada düşündiriş, wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Ösüp barýan ýaş nesilleriň kalbynda daşky gurşawa we tebigata aýawly çemeleşmek barada düşünjeleriň emele gelýän döwründe şu hili duşuşyklary geçirmegiň zerurdygyny we bu düşünjäniň dogry we wagtynda emele gelmegi ähmiýetlidir diýip, BMGÖM-niň taslamasynyň hünärmenleri belläp geçdiler. Häzirki wagtda, daşky gurşawy goramak baradaky düşünje ýaşlary terbiýelemekde wajyp orny eýeleýär we şuňa meňzeş çäreleriň geçirilmegi çagalaryň daşky gurşawy goramak we tebigata bolan garaýşyna oňyn täsir etmegine ýardym berýär.

Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary daşky gurşawy goramak, tebigaty aýawly peýdalanmak, energiýa we suw serişdelerini tygşytly ulanmak, galyndylary dolandyrmak, sebitiň howa aýratynlyklary esasynda alternatiw energiýa serişdelerini ulanmak bilen bagly meselelere uly gyzyklanma bildirip, şu ugurda işleýän ähli guramalara meýletinçi hökmünde ýardam bermek isleýändiklerini beýan etdiler. Açyk sapagyň barşynda, mekdep okuwçylaryna meýletinçi hökmünde daşky gurşawy goramak işlerine gatnaşmak we şu hili çäreleri BMGÖM-niň ýardamy we hemaýaty esasynda özbaşdak gurnamak maslahat berildi.

Bu çäreleriň ählihalk bag ekmek dabarasyna bagyşlanyp geçirilmegi, geçirlen işleriň ähmiýetini has hem artdyrýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ilatynyň bag ekmek we olary ideg etmek endiklerini özleşdirýär we ekilýän nahallaryň köpelmegi netijesinde dem alýan howamyzyň has hem arassalanmagyna getirýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz