Press reliz

HMG Türkmenistanda amala aşyrylýan halkara pul geçirimleri barada taýýarlanan hasabat bilen tanyşdyrdy

08 aprel 2021

  • Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde, COVID-19 pandemiýasynyň halkara pul geçirimlerine ýetiren täsiri we bu ugurda sebit tejribesi bilen tanyşdyrmak üçin “Täjigistanda, Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynda halkara pul geçirimleri ulgamynyň öňdebaryjy tejribesi” atly webinary geçirdi. Soňky onýyllyklaryň dowamynda amala aşyrylan halkara pul geçirimleriniň yzygiderli ösüşi 2020-nji ýylda ýüze çykan COVID-19 pandemiýasy sebäpli kesildi. Bu bolsa migrantlaryň we olaryň öýlerinde galan hossarlarynyň gowşaklyklarynyň artmagyna getirdi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan tarapyndan işjeň goldanýan Durnukly ösüş maksatlarynda şeýle-de “Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa hakyndaky ählumumy ylalaşykda” halkara pul geçirimleriniň umumy ösüş üçin goşýan goşantlary bellenip geçilýär.

Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri bilen bir hatarda bank ulgamynyň, has takygy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, “Türkmenbaşy” DTB-nyň, “Türkmenistan” DTB-nyň, “Halkbank” PTB-nyň, “Senagat” PTB-nyň, “Rysgal” PTB-nyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň maliýe goldawy bilen MHG-niň «Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady netijeleriniň täsirini azaltmak» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde geçirilen bu seminar, pandemiýanyň migrantlara ýetirýän täsiri, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetleriniň halkara pul geçirimleri ulgamyny dolandyrmagyň mümkinçiliklerini güýçlendirmegi ara alnyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.

Çäräniň barşynda milli hukuk hünärmeni Ýo. Kepbanow “Türkmenistanda halkara pul geçirmeleriniň kanuny esaslary” atly hasabat bilen çykyş etdi. Ondan soň MHG-nyň halkara geňeşçisi Anna Porohorowanyň çykyşlary Täjigistanda we Russiýa Federasiýasynda pandemiýanyň täsirinden soň halkara pul geçirimleriniň bazarynyň tendensiýalaryny we geljekki ösüşini seljermäge gönükdirildi. Türkmenistanyň bank ulgamynyň wekilleri bolsa ýygnaga gatnaşyjylary sanly ulgama geçiş meýilnamasy esasynda ýurduň döwlet we täjirçilik banklarynyň ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar. Bu çäre, gatnaşyjylaryň halkara pul geçirimleri barada terjribe alyşmaga bolan ýokary gyzyklanmasynyň subutnamasy boldy.

Seminaryň ahyrynda, gatnaşyjylar migrantlaryň we Türkmenistanyň ilatynyň arasynda maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki taslamany düzmegiň we ösdürmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz