9 guramanyň 44 işgäri, iňlis dilini boýunça bilimi ýokarlandyrmaklyga we transmilli guramaçylykly jenaýata garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy we özara hukuk kömegi bermekde başarnyklaryny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen 7-aýlyk intensiw okuwlara gatnaşýar. Okuw kursunyň esasy maksady, Türkmenistanyň hukuk goraýjy hünärmenleriniň hünär derejelerini halkara derejesinde üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin zerur hünärleri we zerur bilimleri bermekden ybarat. Has takygy, okuw maksatnamasy jenaýat işlerinde ikitaraplaýyn hukuk kömegi boýunça ýüzlenmeler üçin ulanylýan hukuk terminologiýasyny we dil bilim başarnyklaryny has-da artdyrar diýip garaşylýar.