ÝUNISEF milli telewideniýe bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda 2021-nji ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli bilelikde işleşýär
01 iýun 2021
- «Ýaşlyk» we «Türkmenistan» milli teleýaýlymlary Çagalary goramagyň halkara gününi ilkinji gezek iki sany teleýaýlymda gepleşik gurnamak bilen belleýär, ol çagalaryň hukuklary hakynda habarlylygy ýokarlandyrmaklyga we çagalaryň seslerini diňlemek däbini dowam etdirmeklige bagyşlanýar. Şu ýyl ÝUNISEF keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek düzgünleri berjaý etmek üçin sanly aragatnaşyk kanallaryny hem işjeňleşdirdi we bu bütin ýurtda möhüm waka boldy.
Ilkinji gepleşikde çagalar ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand we Türkmenistandaky adam hukuklary boýunça Ombudsmen Ýazdursun Gurbannazarowa bilen söhbetdeşlik geçirdiler, olar häzirki günüň ähmiýeti we çagalaryň öz ýurtlaryndaky we daşary ýurtlardaky hukuklary barada soraglary berdiler.
Gepleşigiň dowamynda ýaş alyp baryjylar Merdan Çaryýew we Sofiýa Orazowa öz deň-duşlary bilen tanyşdyrmaga we teleýaýlymyň diňleýjileriniň bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik gazandylar. ÝUNISEF-iň wekili we adam hukuklary boýunça Ombudsmen öz alyp barýan işleri, şeýle hem çagalaryň durmuşynyň möhüm taraplary barada çykyş etdiler. ÝUNISEF üçin şu ýyl aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi şu ýyl bu guramanyň döredilenine 75 ýyl bolýar.
“ÝUNISEF dünýädäki we Türkmenistandaky çagalaryň özleri üçin iň gowy zatlary we özleriniň ähli başarnyklaryny açmaga doly mümkinçilik berýän zatlara eýe bolýandyklaryna göz ýetirmek üçin işleýär. Biz her bir çaganyň howpsuz gurşawda ösüp ulalmaga we özüni hormatlanmaga we goralmaga mynasypdygyny duýmaga hukugynyň bardygyna ynanýarys" - diýip, Kristin Weýgand ýaş söhbetdeşleriniň biri bolan Merdana ÝUNISEF-iň Türkmenistanda alyp barýan işleri barada jogap berdi.
Bu köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Ombudsmeniň çaganyň hukuklary baradaky işiniň, esasanam, “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ähmiýetini açyp görkezmek üçin oňaýly mümkinçilik boldy. Guramaçylar Türkmenistanda çagalaryň köpüsi üçin 1-nji iýunda geçiriljek uly dabaralaryň çäginde çagalaryň alyp baryjy bolan teleýaýlymda geçirilen bu ýörite gepleşige tomaşa etmek gyzykly bolar diýip umyt edýärler.
Teleýaýlym boýunça ikinji gepleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçirildi. Maksatnamanyň dowamynda ÝUNISEF-iň wekili Kristin Weigand we institutyň rektorynyň orunbasary Gülşat Geldiýewa çagalaryň hukuklarynyň meseleleri, ÝUNISEF-iň 75 ýyllygy we hyzmatdaşlygyň meýilnamalary barada pikir alyşdylar. Şu ýyl 1-nji iýunyň bütindünýä pandemiýasyna gabat gelýändigi nazara alnyp, gepleşige gatnaşyjylar ÝUNISEF-iň saglyk pudagynda dörän çökgünçilik bilen ugurdaş bolan «infodemiýa» garşy göreşmek, hem-de, hususan-da, bu meseläniň çagalar täsir edişi barada söhbet etdiler.
“Şu gün, Çagalary goramagyň halkara gününde, ähli çagalary we olaryň maşgalalaryny gutlamak isleýärin. Türkmenistanyň hökümeti bilen ýola goýlan pugta hyzmatdaşlygymyz, Türkmenistandaky ähli çagalaryň we ýaşlaryň abadançylygyna goşant goşup, geljekde hem dowam etjekdigine we ösjekdigine berk umyt baglaýaryn" - diýip BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Kristina Weýgand gepleşige gatnaşyjylara ýüzlendi.