Press reliz

Birleşen Milletler Guramasynyň BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirligi Türkmenistanda kazyýet işi boýunça pudagara utgaşdyrmasyny ýokarlandyrýar

28 maý 2021

  • Ýakynda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirligi Türkmenistanda kazyýet-lukmançylyk gulluklarynyň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda kazyýet-lukmançylyk işi boýunça pudagara utgaşdyryş duşuşygyny gurnady, onuň mejlisiniň dowamynda tejribe alyşmak, ileri tutulýan ugurlar we Türkmenistanda kazyýet-lukmançylyk laboratoriýalarynyň halkara akkreditasiýasyny öňe sürmek üçin bilelikde alnyp barylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Kazyýet-lukmançylyk ekspertizasynyň merkezi býurosyndan täzelikler tanyşdyryldy, şeýle hem häzirki wagtda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirligi tarapyndan ýurtda amala aşyrylýan öňde baryjy hünärmenler toparyny döretmek we ösdürmek, Türkmenistanyň kazyýet-lukmançylyk ekspertiza laboratoriýalarynda hili dolandyrmak ulgamyny işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga bagyşlanan okuw maksatnamasy hödürlendi.

Şu ýyl Türkmenistanyň kazyýet-lukmançylyk laboratoriýasynyň hünärmenleri BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirligi tarapyndan geçirilen zerurlyklara baha bermegiň netijelerine esaslanyp, hünär tejribelerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin okuw meýilnamasyny tamamladylar” diýip, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Jenaýat Adalaty Maksatnamasynyň dolandyryjysy, jenap Kun Markering belläp geçdi.

BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň laboratoriýa we ylym gullugynyň hünärmenleri, elýeter global gurallary we hyzmatlary, şol sanda bütin dünýädaki kazyýet-lukmançylyk laboratoriýalaryna neşe serişdeleriniň barlagyna yzygiderli gözegçilik etmäge we bu ugurda işlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän, Bilelikdäki Halkara Hereketler (ICE) Maksatnamasyny hödürlediler. Türkmenistan ICE Maksatnamasyna 2020-nji ýylda goşuldy.

“Biziň bilermen derejede goldawymyzyň üsti bilen Türkmenistanyň kazyýet laboratoriýalary häzirki wagtda hil boýunça dolandyryş ulgamlaryny ösdürýärler. Bu hem halkara akkreditasiýasyny almak üçin ýüz tutmakda esasy talaplaryň biridir” diýip, jenap Kun Markering belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen kazyýet-lukmançylyk bilermenleri Özbegistan Respublikasynyň Adalat ministrliginiň Milli kazyýet ylmy merkeziniň wekili bilen akkreditasiýany almaga taýýarlyk görmek boýunça tejribe alyşdylar we terrorçylyk we ekstremizm bilen baglanyşykly işlerde psihologiki-lingwistika (dil) we dini tejribeler bilen Gyrgyzystanda geçirilen tematiki gözlegiň esasynda tanyşdylar.

BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky MüdirligiABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara neşe serişdeleri we hukuk goraýyş işi boýunça Býurosynyň goldawy bilen Türkmenistanda kazyýet-lukmançylyk gulluklarynyň işini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän milli tagallalary goldaýar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz