BSSG Ýewropada ýokanç däl keseller zerarly ölümleriň sanyny üçden bir bölege azaltmak ugrunda işjeň hereketlere çagyrýar
09 aprel 2019
- BSSG-niň “Best buys” (“Iň gowy haryt”) atly ýörite syýasatynyň maksady ýokanç däl keselleriň belasyny azaltmakdan ybarat bolup, bu syýasat Durnukly ösüş maksatlarynyň 3.4 ugruna ýetmäge ýardam berer. Onuň üsti bilen hökümetler 2030-njy ýyla çenli ýokanç däl keseller zerarly ölümleriň sanyny üçden bir bölege azaltmaga borçlandy.
Bu çäreler fiziki işjeňligi wagyz edýän we temmäki serişdeleriň we alkogol içgileriň ulanylmagynyň öňüni alýan syýasatlary, şeýle-de iýmitde duzuň we şekeriň derejesini peseltmek we howply ýaglary aradan aýyrmak ýaly hereketleri öz içine alýar. Ýurduň maksada ýetmek üçin edip biljek hereketleri 2019-njy ýylyň aprel aýynyň 9-10-na Aşgabatda geçirilen BSSG-niň Ýewropanyň ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejeli maslahatynyň dowamynda üns merkezinde bolar.
“Ýokanç däl keseller sebitde ölümleriň esasy sebäbi bolup, olar ykdysady we durmuş ösüşlerine uly päsgelçilik döredýär. Dünýäniň BSSG-a degişli beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, Ýewropada ýokanç däl keseller zerarly ölümleriň sany maksada ýetmek üçin tiz derejede peselse-de, bu sebit dünýäde alkogol içgileriniň we temmäki serişdeleriniň iň köp ulanylýan sebiti bolmagyna galýar. BSSG-niň “Best buys” syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde has köp adamlary halas edip bolar. Şeýle netijeli syýasat ýurtlara elýeterli bolsa-da, onuň durmuşa geçirilmegi, gynansak-da, ýeterlik derejede däl” diýip, BSSG-niň Ýewropa boýunça sebitleýin býurosynyň başlygy, lukman Suzanna Jakab aýtdy.
Ýürek-damar keselleri, rak, öýkeniň hroniki obstruktiw keselleri we diabet ýaly ýokanç däl keseller Ýewropada ölümleriň 90%-niň we keselleriň 84%-niň sebäbi bolup, ilatyň abadançylygyna, näsaglary bejermek bilen meşgullanýan saglygy goraýyş ulgamyna we sebitiň umumy ykdysady ösüşine päsgelçilik döredýär we deňsizligiň ýokarlanmagyna getirýär. Bu bela pes we orta girdejili ýurtlarda ýokarlanmagyny dowam edýär.
Ýokanç däl keselleri azaltmakda Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky tapawudy azaltmak
“Best buys” syýasaty kemçilikleriň we ýokanç däl keseller zerarly ölümleriň derejelerini peseldýän çärelerden ybarat. Ýewropada “Best buys” syýasatynyň durmuşa geçirilişi ýokarlandyrylýar, emma bu işi kämilleşdirmek üçin has köp iş etmek zerur. Häzirki wagtda biziň gurallarymyz bar, şeýlelik bilen, bu işleri ýerine ýetirmegiň wagty geldi. Bu çäreleri girizmegiň üsti bilen, ýurtlar Ýewropanyň ilatynyň saglyk derejesine ýetip, 2030-njy ýyla çenli ýokanç däl keseller zerarly ölümleriň derejesini 33%-e çenli azaltmagy maksat edinýän Durnukly ösüş maksatlarynyň 3.4 ugruna ýetip biler” diýip, Ýokanç däl keseller we ýaşaýyş bilen baglanyşykly okuwlaryň üsti bilen saglygy goraýşy ýokarlandyrmak bölüminiň müdiri, lukman Bente Mikkelsen belledi.
Sebitiň gündogar bilen günbatar böleklerinde ýokanç däl keselleriň derejesi boýunça tapawudy azaltmak bilen, wagtyndan öň ölümleriň derejesini uly derejede azaltmaga we uly deňsizlikleri aradan aýyrmaga ýardam berer. Mysal üçin, erkekleriň arasynda ýürek-damar keselleri zerarly ölmek mümkinçiligi sebitiň gündogar böleginde doglanlar üçin 2-3 esse ýokary. Şeýle-de bolsa, “best buys” syýasatyny durmuşa geçirmegiň üsti bilen, ýurtlar duzlulyk derejesi ýokary bolan harytlara, düzüminde şeker we ýag bolan önümlere, neşe serişdelerine we alkogol içgilerine gönükdirilen çäreleriň, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamlaryny güýçlendirmegiň üsti bilen bu howplary uly derejede azaldyp bilýär.
Redaktorlar üçin bellikler:
“Best buys” syýasatynyň çäreleri
BSSG ýokanç däl keseller bilen göreşmek üçin “Best buys” çärelerini durmuşa geçirmäge çagyrýar. Çäreler dört sany esasy ýaramaz endik (temmäki serişdelerini ulanmak, alkogol serişdelerini ulanmak, howply berhizler we fiziki taýdan işjeň bolmazlyk) bilen baglanyşykly bolup, olar dört sany esasy kesel (ýürek-damar keselleri, diabet, rak we hronik dem alyş keseli) bilen iş salyşmakdan ybarat. Ondan başga-da, 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Nýu Ýork şäherinde geçirilen Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik boýunça Baş Assambleýasynyň 3-nji ýokary derejeli maslahatynda, akyl keselleri we howanyň hapalanmagy degişlilikde ýokanç däl keseller we howp faktor hökmünde goşuldy.
Çilim çekmek bilen baglanyşykly hronik dem alyş keseli Ýewropada howply mesele bolmagyna galýar. Sebit dünýäde temmäki serişdelerini ulanmagyň derejesi boýunça ilkinji orunda durup, bu ýerde, takmynan, 252 million uly ýaşly adam (ýa-da 29%-i) çilim çekýär, Ýewropada ýokanç däl keseller zerarly ölümleriň 18%-i temmäkini ulanmak bilen baglanyşykly. Temmäki serişdelerini ulanmagy peseltmegiň netijesinde ýokanç däl keseller zerarly ölümleri bäşden bir bölege azaldyp bolardy.
BSSG-niň “Best buys” syýasatynyň çäginde temmäki serişdeleri boýunça iň netijeli çärelerine temmäki serişdeleriniň pes derejede elýeter bolmagyny üpjün etmek üçin, bu serişdelere bolan salgytlary köpeltmek degişli. “Best buys” syýasatynyň çäginde başga bir çäre temmäki serişdelerini wagyz edýän mahabatlary gadagan etmek we habar beriş serişdeleriniň temmäki serişdelerine garşy hereketlerine hemaýatkärlik etmek bilen baglanyşykly.
Bu çäreler netijelidir, Russiýa Federasiýasynda, mysal üçin, hökümetiň kömegi bilen “Best buys” syýasatynyň çärelerini durmuşa geçirmegiň netijesinde temmäki serişdeleriň we alkogolly içgileriň ulanylyşy uly derejede azaldy. 2009-2016-njy ýyllaryň arasynda çilim çekýänleriň sany 23%-e azaldyldy, 2010-2016-njy ýyllaryň arasynda alkogolly içgileri ulanýanlaryň sany 24%-e peseldildi.
Merkezi Aziýada adaty azyk dükanlary we ýoluň ugrundaky dükanlar azyk senagatda uly orny eýeleýär, çünki bu ýerlerde et we ýogurt önümleri, şeýle-de taýýar iýmit önümleri satylýar. Gynansak-da, bu önümler ýokumly ýaglara, agyr ýaglara we duza baý bolan agyr önümler. Köplenç, ýaglara, şol sanda agyr ýaglara, şekere we duza baý bolan gaýtadan işlenen azyk önümleriniň ulanmagy bilen mesele has çylşyrymlaşdyrylýar. Bu önümleriň ählisi, esasan hem, agyr ýaglara baý bolan berhizler ýokanç däl keselleriň ýaýramagy bilen berk baglanyşykly, çünki olar ýürek keselleri bilen kesellemek howpuny 23%-e ýokarlandyrýar.
BSSG-niň “Best buys” syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ýokanç däl keselleriň ähli görnüşleri bilen göreşmekde peýdaly bolar. Çünki, bu syýasatda azyk senagatynda agyr ýaglary ulanmagy gadagan etmek bilen baglanyşykly kanunçylygy (şeýle kanunçylyk ýaňy-ýakynda Ýewropa ýurtlarynyň aglabasynda, şol sanda Ýewraziýa Ykdysady birleşiginiň agza ýurtlarynda kabul edildi) işläp düzmegiň ýa-da netijeli salgyt ulgamynyň üsti bilen olaryň ulanylyşyny peseltmegiň, sagdyn berhizleriň, şeýle-de duzuň we agyr ýaglaryň ulanylyşyny azaltmak we gök-önümleriň we miweleriň peýdasyny wagyz etmek boýunça jemgyýetçilik marketing kampaniýalaryň üsti bilen, olaryň ulanylyşyny azaltmak ýaly çäreler teklip edilýär.