ÝUNISEF waksinalara bolan goldawy güýçlendirmek üçin “#VaccinesWork” atly kampaniýasyny başlaýar
19 aprel 2019
- Waksinalaryň kömegi bilen öňüni alyp bolýan keselleriň ýaýramagynyň şertlerinde ÝUNISEF-iň kampaniýasy köp ene-atalaryň öz çagalaryny goramak üçin waksinalardan peýdalanýandygyny görkezmek üçin, jemgyýetçilik habar beriş serişdelerinden peýdalanar.
Ene-atalaryň we habar beriş serişdelerini ulanyjylaryň arasynda waksinalaryň möhüm orny we howpsuzlygy barada bellemek üçin, ÝUNISEF aprel aýynyň 24-ne täze bütindünýä kampaniýasyny işe girizdi.
Bu kampaniýa aprel aýynyň 24-30-y aralygynda Bütindünýä Immunizasiýa hepdesiniň çäklerinde geçirilip, onda jemgyýetleriň, şol sanda ene-atalaryň bilelikde waksinalaryň üsti bilen hemmeleri gorap biljekdigi baradaky pikir öňe sürüldi.
“#VaccinesWork” kampaniýasy Internetde immunizasiýanyň tarapdarlaryny birleşdirmek üçin köpden bäri ulanylýar. Bu işleri ýaýbaňlandyrmak üçin, şu ýyl ÝUNISEF “Bill we Melinda Gates” gaznasy, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSSG) we waksinalar boýunça “Gavi” birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ähli çagalaryň ýaşaýşy üçin möhüm bolan waksinalary almak mümkinçiligini üpjün etmek üçin, “Bill we Melinda Gates” gaznasy aprel aýynda ÝUNISEF-e “#VaccinesWork” belligi bilen jemgyýetçilik torlarynda goýlan her “haladym” belligi ýa-da wakany paýlaşmagy üçin 1 amerikan dollaryndan başlap, 1 million amerikan dollaryna çenli pul serişdelerini geçirer.
Her ýyl waksinalar çagalary gyzamyk, öýken sowuklamasy, mergi we hörezek ýaly howply we ýokanç kesellerden goramak bilen, 3 milliona golaý adamy halas edýär. Waksinalaryň kömegi bilen 2000-2017-nji ýyllar aralygynda hörezek keseli zerarly aradan çykan adamlaryň sany azaldy, poliomielit keseli bolsa düýbünden ýok edildi diýen ýaly. Waksinalar saglygy goraýşyň ykdysady taýdan iň netijeli gurallarydyr – çagalaryň immunizasiýasyna harçlanan her 1 amerikan dollary 44 amerikan dollary hökmünde gaýdyp gelýär.
“Biz “#VaccinesWork” kampaniýasy baradaky maglumatyň ýaýramagyny isleýäris” diýip, ÝUNISEF-iň Immunizasiýa bölüminiň başlygy Robin Nendi aýtdy. “Waksinalar howpsuz bolup, olar ýaşaýyşlary halas edýär. Bu kampaniýa jemgyýetçilik habar beriş serişdeleriniň üýtgeşmeleri girizmekde we ene-atalaryň waksinalar barada ygtybarly maglumaty almagyny üpjün etmekde uly güýjüniň bardygyny bütin dünýä görkezmäge mümkinçilik berer.”
Bu kampaniýa “Bilelikde goralan: Waksinalaryň täsiri” atly ene-atalaryň, jemgyýet wekilleriniň, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hem-de täzelikçileriň şanyna bir hepdäniň dowamynda bütin dünýäde geçirilýän baýramçylyklaryň çäginde geçirilýär.
“Häzirki wagtda öňki döwürlere garanda, waksinalar has köp çaga edilýär” diýip, “Bill we Melinda Gates” gaznasynyň Waksinalar üpjünçiligi boýunça wagtlaýyn müdiri Wiolina Mitçel aýtdy. “Biz ähli çagalaryň, esasan hem, dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň çagalarynyň ölüm howply we ýokanç kesellerden goralmagyny üpjün etmek ugrunda ähli tagallalary edýän ÝUNISEF guramasy, şeýle-de bütin dünýäden hyzmatdaşlar bilen işlemäge örän şat.”
Waksinalaryň peýdaly taraplaryna garamazdan, 2017-nji ýylda, takmynan 1,5 million çaga waksinalar tarapyndan öňüni alyp boljak keseller zerarly aradan çykdy. Bu, köplenç, waksinalaryň ýoklugy sebäpli bolsa-da, käbir ýurtlarda maşgalalar waksinalara ynamsyzlyk zerarly öz çagalaryna waksinalary etmegi ret edýär ýa-da olary wagtyndan giç edýär. Onuň netijesinde birnäçe keseller ýaýrap başlady, mysal üçin, esasan, uly girdejili ýurtlarda gyzamyk keseliniň howply ýagdaýda ýaýramagy. Sanly we jemgyýetçilik habar beriş platformalarynda waksinalar baradaky kesgitsizlik bu ýagdaýy kesgitleýän faktorlaryň ýene biri.
Hut şonuň üçin, ÝUNISEF-iň bu kampaniýasynyň esasy “Howply” atly 60 sekuntlyk animasion filmi bolup, ol jemgyýetçilik habar beriş serişdeleri we posterler üçin suratlar bilen birlikde, çagalaryň özüniň tebiaty boýunça hemişe howp astynda bolýan kiçijik garagoldyklary baradaky pikire düşünmäge esaslanan. Bu wideo arap, hytaý, fransuz, hindi, rus, ispan we tagalog dillerinde elýeter bolup, onda ene-atalaryň çagalaryň uçraýan ähli howplarynyň öňüni alyp bilmeýändigi, emma çagalara onuň netijesinde abanýan howpy aradan aýryp biljek waksinalaryň ulanylyşy barada düşündirilýär.
Ondan başga-da, ÝUNISEF-iň hünärmenleri waksinasiýa, şol sanda waksinalaryň işleýşi, barlanyşy, çagalara waksina etmegiň sebäpleri, şeýle-de çagalara öz wagtynda waksina etmezligiň netijesinde ýüze çykýan howplar barada soraglara jogap berer.
Kampaniýa goldaw berijilerden goşmaça salgylar:
ÝUNISEF-iň Sap ýüreklilik ilçisi we “Gremmi” baýragyna mynasyp bolan aýdymçy:
“Şu gün 10 çagadan 9-syna waksina edilýär, emma biz hiç bir çagany goýup bilmeýäris. Biz ähli çagalary ýaşaýyş üçin zerur bolan waksinalar bilen üpjün etmeli.”
ÝUNISEF-iň Sap ýüreklilik ilçisi we waksinalaryň uzak wagtlaýyn tarapdary Amitabh Baççan şeýle belledi: “Öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärleriniň millionlarçasy uzak ýerlere pyýada, suwuň üstünden, garyň içinden, hatda arabalaryň üsti bilen syýahat edip, halas ediji waksinalary üpjün edipdi. Käwagtlar olar gorka we şübhelere uçran bolsalar-da, olar ýaşaýyşlary halas edýändigine düşünipdir. Biz hem bu işe öz goşandymyzy goşup, “#VaccinesWork” hereketini hemme adamlara wagyz edip bilýäris.”
Braziliýanyň telewideniýe işgäri we aktrisa, 16 ýaşly Maýsa Silwa şeýle belledi: “Men bu kampaniýa gatnaşmak çakylygyny kabul etdim, çünki çagalaryň saglygy üçin waksinalaryň möhümligine düşünýärdim. Bu biziň habardar bolan howplardan çagalary goramagyň usulydyr. Saglyk – bu örän möhüm zat bolup, biz waksinalaryň netijeliligi we möhümligi barada ýatdan çykarmaly däl.”
######
Redaktorlar üçin bellikler
Siz bu ýerde suratlary ýükläp, aprel aýynyň 24-ne çenli elýeter bolan “Howplar” atly wideony görüp bilersiňiz. Bu ýerde kampaniýa barada has köp maglumaty alarsyňyz. ÝUNISEF-iň immunizasiýa boýunça alyp barýan işleri barada has köp maglumat almak üçin, şu düwmä basyň.